Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwada Kipriň krizisi boýunça gepleşikler geçirildi


Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew (sagda) we Ýewropa komissiýasynyň ýolbaşçysy Žoze Manuel Baroso (çepde), Moskwa, 22-nji mart, 2013.
Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew (sagda) we Ýewropa komissiýasynyň ýolbaşçysy Žoze Manuel Baroso (çepde), Moskwa, 22-nji mart, 2013.
Ýewropa komissiýasynyň resmi toparynyň Orsýetiň hökümeti bilen geçiren iki günlük gepleşikleriniň netijesinde taraplar Kiprde emele gelen maliýe krizisinden çykalga tapmak boýunça belli bir ylalaşyga gelmedige meňzeýär.

Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedewiň Ýewropa komissiýasynyň ýolbaşçysy Žoze Manuel Baroso bilen 22-nji martda Moskwada geçiren bilelikdäki metbugat konferensiýasynda aýtmagyna görä, Orsýet Kipre goldaw bemek boýunça dürli ýollary maslahat etmäge taýýar, emma ol muny Ýewropa Bileleşigi we Kipr tarapyndan takyk plan işlenip düzülenden soň etmekçidigini belledi.

Orsýetiň roly

Medwedew diňe şeýle ýagdaýda “Orsýetiň bu prosese goşulyp biljekdigini” aýtdy. Şol bir wagtda-da Medwedew Orsýetiň Kiprdäki krizisi çözmek prosesine gatnaşmagyna degişli meselede “gapylary ýapmaýandygyny” nygtady.

Kipriň banklaryndaky hasaplarda saklanýan pullaryň üçden bir böleginiň Orsýetiň raýatlaryna degişlidigi we bu pullaryň 31 milliard dollara ýetýändigi çak edilýär.

Kipriň hökümeti ýurdy maliýe krizisinden halas etmek boýunça Ýewropa Bileleşigi we Orsýet bilen gepleşik alyp barýar. Şu hepdäniň sişenbe güni Kipriň parlamenti hususy bank hasaplaryndaky pullara salgyt salmak barada kanunyň taslamasyny ret etdi. Bu çäre Kipre Ýewropa Bileleşigi tarapyndan teklip edilen maliýe kömegi bilen bagly şertleriň biri bolupdy.

Moskwada 22-nji martda eden çykyşynda Ýewropa komissiýasynyň ýolbaşçysy Žoze Manuel Baroso Kipriň Ýewropa döwletlerine we guramalaryna “alternatiw bir karara gelendigi” barada habar berendigini aýtdy. Emma Baroso Kipriň gelen şol kararyndan özüniň habarly däldigini we ony “Ýewropa Bileleşigi tarapyndan hödülenen teklipler” bilen deňeşdirip bilmejegini belledi.

Duşuşyklaryň netijesi

Ýewropa komissiyasynyň resmi toparynyň Moskwa eden saparynyň öňüsyrasynda Kipriň resmi topary hem Orsýete sapar etdi.

Moskwadaky gepleşiklerden soň Kipriň maliýe ministri Mihalis Sarris orsýet resmileri bilen duşuşyklarda “hiç bir takyk teklibiň” edilmändigini belledi we gepleşikleriň ýene dowam etdirilmegine garaşýandygyny aýtdy.

Käbir maglumatlarda Kipriň resmi toparynyň Orsýetden birnäçe milliard dollarlyk karz soramak üçin Moskwa barandygy habar berildi.

Kiprdäki maliýe krizisi meselesi Joze Manuel Barosonyň Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen gepleşiklerinde hem gozgaldy. Orsýetiň prezidentiniň metbugat wekili Dmitriý Peskowyň aýtmagyna görä, bu gepleşiklerde Kiprdäki ýagdaý ikiçäk maslahat edilipdir. .
XS
SM
MD
LG