Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kipr maliýe krizisini maslahatlaşýar


Anna güni Kipriň parlamenti Ýewropa Bileleşiginiň hödürleýän karzy bilen baglanyşykly gyssagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin ýörite maslahat geçirýär.

Ýewropa Bileleşiginiň karz bermek boýunça hödürlän täze plany Kipriň bank sektorynyň üýtgedilip gurnalmagy we “Inwestisiýa raýdaşlyk fondy” ady bilen täze bir fonduň döredilmegi ýaly çäreleri şert edip goýýar.

Mundan daşary, Kipr Ýewropanyň banklaryndan 10 milliard ýewro karz almak üçin içerki salgytlaryň hasabyna 5.8 milliard ýewro serişdäni tygşytlamak borjuny-da öz üstüne almaly.

Penşenbe güni Ýewropanyň Merkezi Banky Kipre pul karzlarynyň berilmegi üçin Kipriň “kabul ederlik teklipleri” işläp düzmelidigini aýdyp, munuň üçin oňa şu geljek duşenbe gününe çenli möhlet berýändigini mälim etdi.

Şu gysga möhletiň içinde anyk bir ylalaşyga gelinmedik halatynda, Ýewropanyň Merkezi Banky bu ýurduň banklaryna pul bermesini bütinleý togtatjakdygy bilen duýduryş berdi.
XS
SM
MD
LG