Sepleriň elýeterliligi

Punjapda awtobus agdaryldy


Şenbe güni irden Pakistanyň gündogaryndaky Punjap welaýatynda bir awtobus heläkçilige uçrady. Wakada azyndan 23 adamyň heläk bolandygy habar berilýär.

Polisiýa ofiseri Abdul Hamidiň sözlerine görä, 65 adamy daşap barýan awtobus ýoldan çykyp, Şeýkhupura şäheriniň golaýynda agdarylypdyr.

30-dan gowrak adama şikesiň ýetendigi aýdylýar. Resmiler ölenleriň sanynyň artyp biljekdigini duýdurýarlar.

Ejir çekenleriň käbiriniň ýerli media beren gürrüňlerinden çen tutulsa, heläkçilige sürüjiniň aşa ýokary tizlikden sürmegi we ýol hereketiniň kadalaryny äsgermezligi sebäp bolupdyr.
XS
SM
MD
LG