Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerri pastory boşatmaga çagyrdy


ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri Eýranda sekiz ýyl türme tussaglygyna höküm edilen, eýran asylly amerikaly pastoryň tizden-tiz boşadylmagyna çagyrdy.

Ýaýradylan beýanatda, Kerri Said Abedininiň ykbalyndan “çuňňur aladalanýandygyny” belläpdir. Şeýle-de Kerri Abedininiň tussaglykda ruhy hem-de fiziki taýdan gynalýandygy baradaky habarlardan “lapynyň keç bolandygyny” nygtapdyr.

Beýanatda “bular ýaly kanunbozmalaryň diňe bir halkara normalaryna däl, eýsem Eýranyň öz içindäki kanunçylyga hem ters gelýändigi” aýdylýar.

Saeed Abediniň hökümi ýanwaryň aýagynda çykarylypdy. Ol özüne bildirilýän aýyplamalary, ýagny “şahsy öýlerde hristiýan ybadathanalaryny döretmek bilen, Eýran döwletiniň esaslaryny bozmaga synanyşandygyny” iňkär edýär.
XS
SM
MD
LG