Sepleriň elýeterliligi

Filippin söweşijileri awstraliýalyny goýberdiler


Filippinlerde “Al-Kaýda” bilen ilteşikli bir topar 15 aý mundan ozal alnyp gaçylan we zamunlykda saklanan Awstraliýanyň raýatyny boşatdy.

Filippinleriň harbylarynyň berýän maglumatyna görä, Warren Rodwell şenbe güni ýurduň demirgazygyndaky Pagadian şäheriniň golaýynda azatlyga goýberilipdir. Habar serişdelerinde Rodwelliň mejalsyz suratlary görkezildi.

Häzirlikçe Rodwelliň azat edilmegi üçin puluň tölenip-tölenmändigi barada maglumat ýok.

Awstraliýanyň daşary işler ministri Bob Karr Rodwelliň azat edilmegini gutlady.

54 ýaşyndaky ozalky esger 2011-nji ýylyň dekabrynda “Abu Şaýýaf” topary tarapyndan alnyp gaçylypdy.
XS
SM
MD
LG