Sepleriň elýeterliligi

Ntaganda Gaaga suduna getirildi


Kongodaky uruş jenaýatlarynda aýyplanýan Bosko Ntaganda Nederlandlardaky Halkara Jenaýat Sudunyň kamerasyna salyndy. Oňa adam öldürmek, jynsy zorluk görkezmek we çaga esgerleri ulanmak boýunça aýyplamalar bildirilýär.

“Terminator” lakamy bilen hem tanalýan Ntaganda duşenbe güni ABŞ-nyň Rwandadaky ilçihanasyna baryp, özüni tabşyrdy. Bu Halkara Jenaýat Sudy tarapyndan gözlenýän adamyň özüniň meýletin boýun bolmagynyň ilkinji ýagdaýy boldy.

Ol şenbe güni Gaaga suduna getirildi. Onuň ilkinji sud diňlenşiginiň sişenbe güni boljakdygyna garaşylýar.

Ntaganda Kongoda 2002-2003-nji ýyllar aralygynda bolan uruşda ýüzlerçe adamy öldürmekde aýyplanýar.
XS
SM
MD
LG