Sepleriň elýeterliligi

Boris Berezowskiý aradan çykdy


 Boris Berezowskiý, 2011 ý,

Boris Berezowskiý, 2011 ý,

Bosgunlykda ýaşaýan russiýaly oligarh Boris Berezowskiý 67 ýaşynda aradan çykdy.

Maglumata görä, onuň jesedi Londonyň etegindäki Surreýdäki öýünden tapylypdyr.

Berezowskiniň ýakynlary we metbugat wekili, onuň ölendigini tassykladylar. Berezowskiniň näme sebäpden aradan çykandygy barada häzirlikçe takyk maglumat ýok.

1990-njy ýyllarda, Russiýa Boris Ýeltsin prezidentlik edýän döwri Berezowskiniň uly syýasy güýji bardy.

Ol soňundan prezident Wladimir Putiniň ýiti tankytçylarynyň biri boldy.

Berezowskiý 2000-nji ýylda Russiýany terk edip, Londonda bosgunlykda ýaşaýardy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG