Sepleriň elýeterliligi

Bagram türmesi boýunça ylalaşyga gelindi


Ýekşenbe güni Birleşen Ştatlaryň Goranmak departamenti Owganystandaky “Parwan” tussaghanasynyň kontrollygyny bu ýurduň garamagyna geçirmek barada Owganystan bilen ylalaşyga gelnendigini habar berdi.

Pentagonyň bu baradaky beýanatynda Bagram howa bazasyny golaýyndaky bu tussaghanany Owganystanyň kontrollygyna geçirmek boýunça dabaranyň şu duşenbe güni gurnaljakdygy habar berilýär.

Ozalbaşda bu tussaghanyny amerikan güýçleriniň garamagyndan Owganystanyň güýçlerine geçirmek çäresi 9-njy marta planlaşdyrylypdy.

Ýöne bu tussaghanadaky käbir howply tussaglaryň dessine azatlyga goýberilmeginiň mümkindigi barada amerikan tarapynda dörän aladalar sebäpli, bu çäre yza süýşürilipdi.
XS
SM
MD
LG