Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berezowskiniň ölümi derňelýär


Britaniýanyň ekspertleri şenbe güni özüniň Londondaky öýünden öli tapylan Boris Berezowskiniň jesedinde barlag geçirmeklerini dowam etdirýärler.

Orsýetli tanymal biznesmen, 67 ýaşly Boris Berezowskiý şenbe güni özüniň Londondaky öýünden öli tapyldy. Britaniýanyň polisiýasy onuň ölüminiň sebäbi barada anyk netijä gelmek üçin ekspertler toparynyň dürli ugurlar boýunça barlag geçirýändigini mälim etdi.

Britaniýanyň mediasy Berezowskiniň öz suwa düşülýän wannasyndan öli ýagdaýda tapylandygyny habar berýär.

Berezowskiý öz döwründe Sowet Soýuzy darganyndan soň ozalky döwlet eýeçiligindäki emläkleriň hususylaşdyrylmagyndan baýan orsýetli milliarderlerden biri hasaplanylýar.

2000-nji ýylda Orsýetde özüne garşy gozgalan jenaýat işleriniň netijesinde Boris Berezowskiý Orsýeti terk edip, Britaniýadan syýasy gaçybatalga alypdy. Ol şu günki güne çenli Orsýetiň häzirki prezidenti Wladimir Putinin esasy opponentlerinden biri hasaplanylyp gelindi.
XS
SM
MD
LG