Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Perwez Muşarraf bosgunlykdan Pakistana dolandy


Pakistanyň ozalky prezidenti Perwez Muşarraf Karaçide öz tarapdarlarynyň öňünde çykyş edýär. Karaçi, 24-nji mart, 2013.
Pakistanyň ozalky prezidenti Perwez Muşarraf Karaçide öz tarapdarlarynyň öňünde çykyş edýär. Karaçi, 24-nji mart, 2013.
Pakistanyň ozalky prezidenti Perwez Muşarraf dört ýyllyk daşarky bosgunlykdan soň ýekşenbe güni Pakistanyň günorta Karaçi şäherine bardy.

Perwez Muşarrafyň ýanynda onuň “Musulman Ligasy” partiýasynyň birnäçe lideri-de bar. Azatlyk Radiosynyň “Maşaal” gullugy Karaçiniň aeroportunda ýüzlerçe tarapdarynyň Muşarrafy goldaýjy şygarlar bilen garşy alandygyny habar berýär.

Perwez Muşarraf Pakistanda şu ýylyň 11-nji maýynda geçiriljek parlament saýlawlary üçin öz partiýasynyň adyndan kampaniýa alyp barar diýlip garaşylýar.

Ýekşenbe güni Karaçi şäherinde, öz tarapdarlarynyň öňünde eden çykyşynda 69 ýaşly Perwez Muşarraf özüniň “Pakistany halas etmek” üçin yzyna gaýdyp gelendigini aýtdy. Ol pakistanly talybanlaryň özüni öldürmek barada atan haýbatlaryndan gorkmaýandygyny-da nygtady.

“Ýüzbe-ýüz bolmaga taýýar”

“Men siziň şeýle köplük bolup meni diňlemäge gelmegiňize örän şat. Bu meniň ilkinji günüm, emma eýýäm meniň syýasy ýolumyň ugrunda päsgelçilikler döredilip başlandy. Biziň Kaedi-Azam mawzoleýinde [Pakistany esaslandyryjy Muhammad Ali Jinnahiň hormatyna] planlaşdyran ýörişimiz gadagan edildi. Meniň yzyma dolanmajakdygymy, meniň gorkjakdygymy aýdan adamlaram boldy. Men size şu gün özümiň eýýäm şu ýere gelendigimi we özümiň gorkmaýandygymy aýdasym gelýär” diýip, Muşarraf belledi.

Karaçä baryp düşen badyna žurnalistlere beren intewýusynda ol özüniň synaglara taýýardygyny-da nygtady: “Köp synaglar öňde dur. Howpsuzlyk synaglary-da bar. Kanunçylyk taýdanam synaglar bar. Syýasy taýdanam synaglar bar. Umuman, ençeme synaglar öňde dur, emma biz olar bilen ýüzbe-ýüz bolmaga taýýar”.

Pakistanyň hukuk goraýjy organlary Perwez Muşarrafa birnäçe jenaýat işinde, şol sanda 2007-nji ýylda şol wagtky premýer-ministr Benazir Bhuttonyň janyna kast edilmegi bilen baglanyşykly waka boýunça-da aýyplama bildirýär.

Maý aýynda geçiriljek parlament saýlawlary Pakistanda uzaga çeken harby dolandyryşdan soň bu ýurduň taryhynda häkimiýetiň ilkinji gezek demokratik ýol bilen çalşyrylmagy hökmünde alamatlanar.

Perwez Muşarraf 1999-njy ýylda gandöküşiksiz amala aşyrylan harby agdarylyşykda häkimiýet başyna gelipdi. 2008-nji ýylda syýasy basyşlar netijesinde ol prezidentlik wezipesinden çekildi. 2008-nji ýyldan bäri Perwez Muşarraf Londonda we Dubaýda bosgunlykda ýaşap gelipdi.

Germaniýanyň “Der Şpigel” gazetine beren interwýusynda Perwez Muşarraf Pakistany ösüş ýoluna düşürmek hem-de terrorizmden halas etmek isleýändigini belledi.
XS
SM
MD
LG