Sepleriň elýeterliligi

Siriýanyň oppozisiýa başlygy işden gitdi


Ýekşenbe güni Siriýanyň oppozision güýçleriniň Milli Koalisiýasynyň başlygy Moaz Alhatib öz wezipesinden çekilýändigini yglan etdi.

Bu barada eden beýanatynda ol özüniň bu kararynyň has erkin iş alyp barmak islegi bilen baglanyşyklydygyny belläpdir.

Moaz Alhatib özüniň bu baradaky beýanatyny ýekşenbe güni özüniň resmi “Facebook” sahypasynda ýerleşdiripdir.

Soňky wagtlar Siriýanyň oppozision güýçleriniň Milli Koalisiýasynyň wekilleri öz işlerine Günbatar ýurtlaryň talabalaýyk ýardam bermeýändigini aýdyp, bu ýagdaýa öz nägileliklerini bildiripdiler.

Bu wakalaryň fonunda şenbe güni Siriýanyň günorta serhetlerine golaý ýerde oppozision söweşijiler bir harby howa bazasyny öz kontrollyklaryna aldylar.

Düýbi Britaniýada ýerleşýän we Siriýadaky ynsan hukuklary boýunça iş alyp barýan topar harby bazany eýelän söweşijileriň arasynda “Al-Kaýda” bilen baglanyşygy bolan “Al-Nusra” frontunyň söweşijileriniň-de bardygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG