Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kipr: Halas ediş ylalaşygy baglaşyldy


Kipr hökümeti bilen halkara karzçylar 10 milliard ýewro çenli halas ediş karzy barada ylalaşyga geldi.

Brýusselde, duşenbe güni irden yglan edilen ylalaşyk Kipriň ululygy boýunça ikinji bankynyň ýapylmagyna getirer öýdülýär.

Şeýle-de bu ylalaşygyň ätiýaçlandyrylmadyk goýumlara, şol sanda baý orsýetlilere köp ýitgi getirmegi mümkin.

Kipr, ylalaşyga gelmese, duşenbe güni Ýewropanyň Merkezi bankynyň maliýeleşdirmeginden kesilmelidi.

Bu ýagdaý hökümetiň çökendigini yglan etmegine we belki-de Kipriň ýewro zonasyndan çykmaga mejbur bolmagyna alyp geler öýdülýärdi.

Karzçylar Kipriň halas ediş karzyny kepillendirmek üçin 5.8 milliard ýewro toplamagyny talap etdiler.

Bu ylalaşyk astynda goýumçylar ýurduň ikinji uly banky bolan Laikide, şeýle-de Kipr bankynda goýan 100 müň ýewrodan artyk pullarynyň belli bir bölegini ýitirerler.
XS
SM
MD
LG