Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bagram türmesi Owganystana berildi


Birleşen Ştatlar duşenbe güni Bagram howa bazasyna degişli harby tussaghanany Owganystanyň hökümetiniň kontrollugyna berdi.

Parwan türmesiniň tabşyryljagy baradaky ylalaşyk şenbe güni yglan edildi.

Bu türme aslynda 9-njy martda tabşyrylmalydy, emma Waşington bilen Kabul ABŞ güýçleri tarapyndan howply hasaplanýan tussaglar meselesinde ylalaşyga gelip bilmediler.

Şondan bäri, aýdylmagyna görä, iki tarap howply hasaplanýan tussaglar Parwan türmesinde, owgan kanunlary esasynda saklanmaly diýen ylalaşyga geldi.
XS
SM
MD
LG