Sepleriň elýeterliligi

Bosgun gämisinde 2 adam öldi


Awstraliýanyň häkimiýetleri Hindi okeanynda, Awstraliýanyň demirgazyk-günbataryndaky Kristmas adasynda bosgun getirýän gämi agdarylanda, iki adamyň ölendigini aýdýar.

Şeýle-de bu hadysada 90-dan gowrak adamyň halas edilendigi aýdylýar. Bosgunlaryň milleti hakynda zat aýdylmady. Kristmas adasynda ýüzlerçe bosgun tussag astyna alyndy.

Olar esasan Owganystandan, Yrakdan, Eýrandan, Pakistandan we Şri Lankadan gelen adamlar bolup, häkimiýetler olaryň oturym baradaky arzalaryny barlaýarlar.

BMG-niň Bosgunlar edarasy 2012-nji ýylda Awstraliýa bosgunlyk sorap ýüz tutan adamlaryň 16 müňden gowrak bolandygyny, munuň 2011-nji ýyla garanda 37 prosent köpdügini aýdýar.

Awstraliýadan bosgunlyk almak isleýänleriň köpüsi Indoneziýany geçiş nokady edip ulanýar.

Aşa köp adam ýüklenen gämilerde ýurt aşjak bolup, ýüzlerçe adam heläk bolýar.
XS
SM
MD
LG