Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransiýada geý nikasyna protest bildirildi


Parižde Fransiýada geý nikasyna we bu nikadaky adamlaryň çagalary perzentlige almagyna rugsat berýän kanuna garşy ýüzlerçe müň adam proteste çykdy.

Habarlarda aýdylmagyna görä, käerde çaknyşyk döredi we polisiýa meşhur Ýeliseý meýdançasyndaky protestçileri dargytmak üçin göz ýaşardyjy gaz ulandy.

Resmi polisiýa ýekşenbe güni bolan proteste çykanlaryň sanyny 300 müň çemesi hasaplaýar.

Bir jynsdan bolan adamlaryň nikasyny we olaryň çagalary perzentlige almagyny kanunlaşdyrmak çäresi eýýäm parlamentiň aşaky öýi tarapyndan tassyk edildi we indi oňa aprelde Senatda seredilmeli.

Bu kanun prezident Fransua Olland tarapyndan hem goldanylýar.
XS
SM
MD
LG