Sepleriň elýeterliligi

Kipr Ýewropa Bileleşiginden karz aldy


Kipriň "Laiki" bankynyň işgärleri parlamentiň öňünde protest geçirýärler, Nikosia, 21-nji mart, 2013.

Kipriň "Laiki" bankynyň işgärleri parlamentiň öňünde protest geçirýärler, Nikosia, 21-nji mart, 2013.

Kipriň hökümeti we halkara kreditorlary Kipre 10 milliard ýewro möçberinde karz pul bermek barada ylalaşyga gol çekdiler.

Hepdäniň duşenbe güni yglan edilen bu ylalaşygyň Kipriň ululygy boýunça ikinji orunda durýan bankynyň ýapylmagyna getirer diýlip garaşylýar.

Şeýle-de, bu ylalaşygyň bank hasaplarynyň eýeleri, şol sanda baý orsýetliler üçin töwekgelçilikli boljagy çak edilýär.

Duşenbe güni Kipr üçin ýa ylalaşyga gol çekmeli, ýa-da Ýewropanyň Merkezi bankynyň maliýe kömeginden mahrum bolmaly diýen iki ýoluň birini saýlamagyň iň soňky möhleti doldy.

Ýewropanyň Merkezi Bankynyň maliýe kömeginden mahrum bolmaklyk – Kipriň hökümetini bu döwleti bankrot diýip yglan etmäge we ýurdy ýewro giňişliginden çykarmaga mejbur ederdi.

Ylalaşygyň täsiri

Düşenbe güni irden Brýusselde eden çykyşynda Kipriň maliýe ministri Mihalis Sarris täze ylalaşyk bilen kesgitsizlik döwrüniň soňuna çykylandygyny belledi. Emma Sarris ylalaşygyň baglaşylmagynyň ýurduň “kynçylyklardan saplanandygyny aňlatmaýandygyny” aýtdy.

Karz berijiler Ortaýer deňzinde ýerleşýän Kipr adasynyň ýaşaýjylaryndan Ýewropanyň berýän karzynyň howpsuzlygyna kepil geçmek üçin 5.8 milliard ýewro möçberindäki puly hut öz bank pudagyndan tapmagy talap etdiler.

Täze baglaşylan ylalaşygyň netijesinde ýurduň iň uly banklarynyň biri bolan “Laiki” bankynyň hasaplarynda 100 müň ýewrodan köp puly bolan müşderileriň ýitirip biljek pullarynyň möçberi entek belli däl.

Salgytlaryň bank hasaplarynyň näçe prosentine degişli boljakdygy barada hem entek anyk maglumat ýok. Emma resmiler bank hasaplaryndaky pullardan alynjak salgydyň netijesinde 4.2 milliard ýewronyň toplanjagyny aýtdylar.

Kipriň kanun çykaryjyary täze plan boýunça ses berişlik geçirjege meňzemeýarler.

Kanun çykaryjylar geçen hepdede Kipriň ähli banklarynyň hasaplaryndan salgyt almak baradaky gapma-garşylykly teklipden ýüz öwürenlerinden soň, banklara degişli täze çäreleri makulladylar.

Maliýe çäreleri

Ýewropa toparynyň başlygy Ýeron Disselblum Brýusselde geçirilen metbugat konferensiýasynda 100 müň ýewrodan köp bolmadyk hasaplardan salgyt alynmajakdygyny nygtady.

Kipriň resmileri Ýewropa Bileleşigi tarapyndan berilýän 10 milliard ýewrolyk karz puluň birinji bölegini maý aýynda almagy planlaşdyrýarlar. Bu planyň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde ýurtda iş orunlarynyň azaljagy we ykdysady näbelliligiň güýçlenjekdigi çak edilýär.

Ýewropa komissiýasynyň ykdysady we maliýe meseleler boýunça wekili Olli Reýn Kiprdäki maliýe krizisiň ýurduň we halkyň “ýakyn geljekde kynçylyk çekjegini” aňladýandygyny tassyklady.

Kipriň banklary soňky 10 gün bäri ýapyklygyna galýar. Banklaryň sişenbe güni işläp başlamagyna garaşylýar.
XS
SM
MD
LG