Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Duşaklylar inçekeselden howatyr edýär


Türkmenistanyň Saglyk ministrliginiň binasy.
Türkmenistanyň Saglyk ministrliginiň binasy.
Türkmenistanda ýokanç keselli näsaglary bejermek we olaryň keselleriniň sag adamlara ýokuşmazlygy üçin bir topar çäre görülýär.

Ýöne bu meselede kemçilikler, o diýen oýlanylman edilýän işler hem bar diýip, Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habaraçylary bilen söhbetdeş bolýan raýatlar aýdýarlar.

Mysal üçin, 45 ýaşly duşakly kärendeçi Öwezmyrat Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan bilen söhbetdeşlikde ençeme ýyl mundan öň Aşgabatdan Duşaga göçürilen inçekesel hassahanasynyň sag adamlar üçin howp-hatar döretmeginden alada edilýändigini, ýerli ilatyň bu hassahananyň şäher daşyna bir ýere göçürilmegine umyt baglaýandygyny gürrüň berdi.

Bu söhbeti diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.
XS
SM
MD
LG