Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde hökümete degişli bolmadyk guramalar barlanýar


"Amnesty International" guramasynyň Moskwadaky başlygy Sergeý Nikitin, Moskwa, 2012.
"Amnesty International" guramasynyň Moskwadaky başlygy Sergeý Nikitin, Moskwa, 2012.
Orsýetde hökümete degişli bolmadyk guramalary, şol sanda Amnesty Internationalyň hem paýtagtdaky edarasyny barlamak işi dowam edýär.

Amnesty Internationalyň Moskwadaky başlygy Sergeý Nikitin duşenbe güni hu guramanyň edaralarynda öňünden "planlaşdyrylmadyk barlag" işiniň alnyp barlandygyny tassyklady.

"Planlaşdyrylmadyk barlag"

"Duşenbe güni biziň edaramyza Moskwanyň prokuraturasyndan üç adam, salgyt edarasyndan hem bir adam gelip, bize öz kopiýasyny almak isleýän dokumentleriniň sanawyny berdiler" diýip, Nikitin barlagçylar gideninden az wagt soň ol ýere baran žurnalistlere aýtdy.

Ol: "Prokuraturanyň we salgyt edarasynyň resmi wekilleri geleninden 15 minut soň, özleriniň NTW-niň žurnalistleridiklerini aýdyp, birnäçe adam biziň gapymyzyň jaňyny jyňňyrdatdylar. Ýöne olar ofise goýberilmedi" diýdi.

Orsýetiň "Adam Hukuklary Üçin" atly ýene bir hereketi-de öz ofisleriniň barlanýandygyny habar berdi. Hereketiň ýolbaşçylarynyň biri bolan Aleksandr Bukwarew prokurorlygyň, salgyt polisiýasynyň we Adalat ministrliginiň wekilleriniň duşenbe güni öz edaralaryna gelendiklerini bildirdi.

"Biz olara hiç hili dokument bermeris. Olaryň bizi barlanyna entek köp wagt bolanok. Dokumentleriň ählisi Adalat ministrliginde" diýip, Bukwarew aýtdy.

Adam hukuklaryny goraýjylaryň reaksiýasy

"Adam Hukuklary Üçin" hereketiň başlygy Lew Ponomarýow Moskwanyň prokurory Sergeý Kudeneewe hat ýazyp, guramanyň ofisiniň barlanmagy bikanun diýip, şikaýat etdi.

Ponomarýowyň hatynda aýdylyşyna görä, bu toparyň ofisi onuň ýurduň kanunlaryny bozandygy hakda maglumat ýüze çyksa, diňe şonda barlanyp bilinýär. "Bize beýle bir aýyplama barada görkezilen delil ýok" diýip, Ponomarýow öz hatynda ýazýar.

Habar berlişine görä, öten hepdeden bäri tutuş Orsýetde hökümete degişli bolmadyk ýüzlerçe gurama, şol sanda Orsýetiň iň gadymy hukuk goraýjy guramasy Memorialyň hem edaralary barlanypdyr.

Amnesty Internationalyň öten anna güni çykaran beýannamasynda hökümete degişli däl guramalaryň barlanmagy 2012-nji ýylda ençeme çäklendiriji kanun kabul edileli bäri graždan jemgyýetine edilýän basyşyň barha artýandygyny görkezýär.

Bu guramanyň çaklamagyna görä, barlaglarda daşary ýurtlular tarapyndan maliýeleşdirilýän we adamlary hukuk taýdan goldaýan toparlar nyşana alynýar.

Amnesty Internationalyň beýannamasynda media salgylanylyp, prokurorlygyň diňe Sankt-Peterburgyň özünde 100 töweregi topary barlamagy planlaşdyrýanlygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG