Sepleriň elýeterliligi

Özbegistanda garaşsyz medianyň kynçylyklary köpelýär


Merkezi Aziýa barada garaşsyz maglumat berýän "Fergana.ru" websahypasy.

Merkezi Aziýa barada garaşsyz maglumat berýän "Fergana.ru" websahypasy.

Dürli kynçylyklara we böwetlere garamazdan, garaşsyz habar serişdeleri şu güne çenli Özbegistanyň içinde iş alyp barmagy dowam etdirýärler.

Ilat sany 30 million töweregi bolan we habar serişdelerine basyş etmekde öz ýakasyny tanadan Özbegistanda şeýle habar guramalarynyň işiniň gelejegi howp astynda. Emma bu gezek olaryň işine abanýan howp režimiň repressiw çäreleri däl, belkem, agzalýan guramalaryň maddy ýagdaýy bilen baglydyr.

Maliýe kynçylygy

Düýbi Daşkentde ýerleşýän ”harakat.net” websahypasynyň redaktory Abdurahman Taşanowyň aýtmagyna görä, Özbegistanda iş alyp barýan garaşsyz we oppozision media daşary ýurt edaralary tarapyndan edilýän maliýe kömek gün saýyn azalýar: "Soňky birnäçe ýylyň dowamynda bize halkara donorlardan hiç hili maliýe kömegi berilmedi. Biz aktiwistleriň we okyjylarymyzyň berýän maliýe kömegine garaşly bolup galýarys".

Şeýle guramalara daşary ýurtlardan berilýän kömek, umuman aýdylanda, maddy grantlardan ybarat bolup, olaryň kesilmegi ýa azaldylmagy, şeýle guramalaryň Özbegistanda iş alyp barmagyny hasam kynlaşdyrdy.

Düýbi Daşkentde ýerleşýän we Özbegistanda örän meşhur bolan ”Uzmetronom.com” websahypasy öňden bäri diňe bir adam tarapyndan, ýagny onuň baş redaktory tarapyndan dolandyrylýar.

Maliýe serişdeleriniň ýetmezçiligi zerarly ýakynda ”harakat.net” we düýbi Orsýetde ýerleşýän ”fergana.ru” websahypalary öz okyjylaryndan kömek sorap, websahypada bildiriş çap edipdirler. Beýleki bir sahypa, ”uznews.net” bolsa öz işini wagtlaýynça togtadýandygyny habar berdi.

Özbek hökümetiniň käwagtlar basyş etmegine ýa-da hasaba alynmadyk media hökmünde iş alyp barmagyň kynçylyklaryna garamazdan, agzalýan dört websahypa geçen dört ýylyň dowamynda ýurduň syýasy we sosial ösüşleri babatda ýzygiderli habar çap etmegi başaryp geldiler. Şeýle-de bu habar serişdeleri ýurtda adam hukuklarynyň kemsidilmeleri, türmedäki şertler we hökümet düzümlerine aralaşan parahorlyk barada yzygiderli maglumat çap edýärler.

Syýasy basyş

Özbek hökümeti 2005-nji ýylda Andijan şäherinde harbylaryň ýüzlerçe protestçileri atyp öldüreni zerarly bolan gyrgynçylykdan soň, garaşsyz habar serişdeleriniň üstünden edýän gözegçiligini has hem zabunlaşdyrypdy. Bu wakanyň yz ýany bilen köp žurnalistlere azar berlipdi we prezident Yslam Karimowyň syýasatyny tankytlaýan habar serişdeleri hem ýapylypdy.

"Biz Özbegistanda resmi taýdan iş alyp barýardyk. Emma Andijanda bolan wakalardan soň bizi we beýleki garaşsyz habar serişdelerini metbugat akkreditasiýasyndan mahrum etdiler" diýip, ”fergana.ru” websaýtynyň redaktory we onuň düýbüni tutan Danil Kyslow aýtdy.

Herniçigem bolsa, ”fergana.ru” we beýleki habar serişdeleri Özbegistan barada maglumat bermegini dowam etdirip, ýurduň içindäki we daşyndaky okyjylarynyň sanyny artdyrdylar.

Biziň sahypamyza her gün 5 müň çemesi adam girýär, olar, umuman, sahypamyza girmek üçin proxy usulyndan peýdalanýarlar. Okyjylarymyzyň aglabasy Özbegistandan diýip, Kyslow Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde aýtdy. Şol bir wagtyň özünde Özbegistandaky okyjylarymyz sahypamyzda çap edilen maglumatlara öz garaýyşlaryny bildirip bize hat ýazýarlar diýip, Kyslow sözüniň üstüne goşdy.

Tapawutly maglumat toplamak işi

Garaşsyz habar serişdeleriniň berýän habarlary, Özbegistanyň döwlet eýeçiligindäki habar guramalarynyň maglumatyndan düýpgöter tapawut edýär. Sebäbi resmi habar serişdeleri hökümetiň işi barada asla tankydy maglumat çap etmeýärler.

Kyslow we beýleki garaşsyz habar serişdeleriniň dolandyryjylary häzirki ýagdaýa öz işlerini haçana çenli dowam etdirip biljekdikleri hakda nämedir bir zat diýmegiň kyndygyny aýdýarlar.

“Biz howp astynda işleýän žurnalistlere has köp pul tölemeli bolýarys. Olaryň edýän işi howply, çynlakaý we has jogapkärli. Ondan başga-da maglumat alyp, ony tassyklatmak kyn bolan ýurtlarda has hem köp işlemeli bolýar. Biz beýle hyzmat üçin pul tölemeli, eger maddy ýagdaýymyz şeýle dowam etse, onda biziň olara köpräk pul tölemäge mümkinçiligimiz bolmaz” diýip, Kyslow gürrüň berdi.

”Uzmetronom.com” websaýtynyň baş redaktory Sergeý Ýežkow Azatlyk Radiosyna beren gürrüňinde donorlardan gelýän maliýe kömeginiň düýbünden ýatyrylmagy zerarly özüniň makalany ýazyp, redaktirläp, websaýtda-da özüniň goýmaly bolýandygyny aýdýar.

Sergeý Ýežkow özbek hökümetini obýektiw maglumatyň hökümete-de, jemgyýete-de bähbitli boljakdygyny ynandyrmaga çalyşýar.

“Garaşsyz medianyň jemgyýetdäki ähmiýeti uly, sebäbi tankydy, iň bolmanda alternatiw garaýyşlar bolmasa, hökümet hakykat bilen baglanyşygyny ýitirýär we hökümetiň abraýy pese gaçýar” diýip, Ýežkow öz pikirini beýan edýär.

Şeýle-de ol halkara edaralaryna ýüzlenip, Özbegistan barada iş alyp barýan garaşsyz habar guramalaryna maliýe kömeklerini dowam etdirmäge çagyrdy. Özbegistan merkezi aziýada ýerleşýän ýurtlaryň arasynda ilat sany taýdan iň uly ýurtdur.
XS
SM
MD
LG