Sepleriň elýeterliligi

Inçekesel hassahanasy Duşaga howp abandyrýar


Rentgene seredip duran gyrgyzstanly lukman

Rentgene seredip duran gyrgyzstanly lukman

Duşakda ýerleşýän inçekesel hassahanasynyň gurulanyndan bäri aradan ençeme ýyl geçdi. Käbir duşaklylar häzirki döwürde bu hassahanada bejergi alýan adamlaryň ýerli ýaşaýjylara howp abandyrýandygyny aýdýarlar.

Olaryň aýtmagyna görä, inçekeseliň ýokanç bir hassalyk bolmagyna garamazdan, keselhanada bejergi alýan adamlaryň halkarasyna aralaşyp ýören halatlary bolýar.

Şeýle pikiri öňe sürýänlerden biri hem 45 ýaşlaryndaky duşakly kärendeçi Öwezmyrat. Onuň bilen geçirilen söhbetdeşligi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

XS
SM
MD
LG