Sepleriň elýeterliligi

Orsýetli deputat wezipeden çekildi


Sişenbe güni Orsýetiň parlamentiniň ýokarky palatasynyň deputaty Witaliý Malkin deputatlar baradaky kanuny bozandygy barada bildirilen aýyplamalaryň yzy bilen, öz deputatlyk wezipesinden çekilýändigini yglan etdi.

Bu wakanyň öňýany orsýetli belli blogger Alekseý Nawalnyý deputat Witaliý Malkiniň orsýet-ysraýyl goşa raýatlygyna eýedigi we munuň Orsýetiň deputatlar baradaky kanunçylygyna garşy gelýändigi barada blog ýazypdy.

Ol özüniň bu blogunda Witaliý Malkiniň öz maliýe hasabatynda daşary ýurtlardaky käbir hususy emläklerini görkezmändigini-de belläpdi.

Alekseý Nawalnynyň bu meseläni gozgamagynyň yzy bilen Orsýetiň mediasynda deputat Witaliý Malkiniň maliýe, emläk we raýatlyk meselesi barada başga-da köpsanly tankydy materiallar peýda boldy.
XS
SM
MD
LG