Sepleriň elýeterliligi

Dohada Siriýa barada maslahat edilýär


Sişenbe güni Kataryň paýtagty Dohada Siriýadaky meselelere bagyşlanyp, Arap Ligasynyň iki günlük sammiti açyldy. Oňa Siriýanyň oppozision hereketiniň wekilleri-de çagyryldy.

2011-nji ýylyň ahyrynda Arap Ligasy Siriýadaky gandöküşiklige garşy protest görnüşinde Siriýanyň häzirki hökümetini bu guramanyň düzüminden çykarmagy karar etdi.

Sişenbe güni Siriýanyň döwlet telewideniýesi bu sammitde oppozisiýanyň agzalaryna orun berilmegini tankyt edip, “Arap Ligasy Siriýadan ogurlanan orny talaňçylara we kellekeserlere berdi” diýip, häsiýetlendirdi.

Bu sammitiň öňýany Siriýanyň oppozision Milli Geňeşiniň başlygy Moaz al-Hatibiň öz wezipesinden çekilmegi netijesinde oppozision Geňeşde käbir oňşuksyzlyklaryň ýüze çykandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG