Sepleriň elýeterliligi

Türkmenabat: Bir şäherdäki iki hili ýol


Türkmenabat şäheri

Türkmenabat şäheri

Garaşsyzlyk etraby bilen Türkmenabat şäheriniň aralygynda öz ulagynda gatnap kireý edýän 35 ýaşlaryndaky Zarif Türkmenabadyň köçelerine, megerem, iň belet adamlaryň biri bolsa gerek. Sebäbi maşyn sürüp, gazanýan puly - onuň maşgalasynyň ýeke-täk girdeji çeşmesi.

Zarif 2007-nji ýyldan bäri taksiçilik bilen meşgullanýar. Onuň maşyny 1996-njy ýylda öndürilen "Toýota" kysymly ýeňil awtoulag. Ulagy köne, emma Zarif Türkmenabadyň ýollarynyň bu köneje ulagynyň ömrüni hasam gysgaldýandygyny aýdýar.

“Her dört-bäş aýdan maşynymyň ”hodowoýlaryny” (hereketlenýän böleklerini) çalyşýan, amortizatorlaryny bolsa her aýda çalyşýan mahalym hem bolýar. Bu ýagdaý köçeleriň ýaramazlygy sebäpli bolýar” diýip, Zarif Azatlyk Radiosyna gürrüň berýär.

“Unudylan mikroraýonlar”

Türkmenabadyň Mary, Puşkin, Mukym Kerimow, Kokant köçeleri Zarifiň her gün geçýän köçeleri. Ol köçelerden diňe Zarif her gün geçenok, Türkmenabat şäheriniň günbatar tarapynda ýerleşýän Serdarabat, Garaşsyzlyk, Galkynyş, Darganata we Seýdi şäheriniň hususy taksi sürüjileri hem şol köçelerden her gün geçmäge mejbur.
Ýönekeý adamlaryň gatnaýan ýoly.

Ýönekeý adamlaryň gatnaýan ýoly.


Türkmenabadyň günbatarynda ýerleşýän etraplaryň we şol etraplaryň aralaryndaky köçeleriň ýagdaýy bolsa biri-birinden gözgyny. Türkmenabadyň günbatarky kiçi etrapçalaryna il arasynda “unudylan mikroraýonlar” hem diýilýär.

Beterinden beteri diýileni, Türkmenabadyň Hywaly we Uralka kiçi etrapçalarynyň köçeleriniň ýagdaýy hasam erbet. Käbir ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, olaryň soňky gezek bejerileninden bäri aradan 10 ýyl geçipdir.

Prezidentiň geçýän köçesi

Türkmenabadyň Hywaly atly kiçi etrapçasynda ýaşaýan we özüni Ýaşka aga diýip tanadan 50 ýaşlaryndaky ildeşimiz hem şeýle pikirdäkileriň biri. Ýaşka aga öz ýaşaýan etrapçasynyň köçeleriniň ýagdaýynyň gözgyny ýagdaýda mahaly sähelçe uzakda ýerleşýän Bitarap Türkmenistan köçesiniň ýagdaýynyň aeroporta meňzeýänligini aýdyp, Azatlyk Radiosyna beren gürüňinde onuň sebäbini şeýle düşündirdi:
Prezidentiň geçýän ýoly.

Prezidentiň geçýän ýoly.


“Sebäbi prezident Berdimihamedow Lebaba edýän saparlarynda şol köçeden geçýär. Prezidentiň saparyndan öň onuň geçmegi planlaşdyrylýan ýollar aýna ýaly edilýär”.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan käbir türkmenabatlylar, hususy we edara-kärhanalaryň ulaglaryny sürýän sürüjiler Türkmenabat şäheriniň köçeleriniň bejerilişiniň hem ýollaryň gowulaşman, ertbet ýagdaýda galmagyna sebäp bolýandygyny aýdýarlar.

Olaryň aýtmaklaryna görä, kommunal hojalyk edarasy erbet ýollardaky çukurlara pes hilli asfalt oklap, şol çukurlary gömüp çykýarlar, aradan ýyl ýarym geçip-geçmänkä ýaňky çukurlar ýene açylýar.

"Ýollar ýüzleý bejerilýär"

Bu barada öz pikirini aýdan käbir adamlar köçeleriň erbetliginiň sebäbi barada dürli pikirde. Olaryň käbirleri asfalta goşulýan mazudyň hiliniň erbetdigini aýtsa, käbirleri ýol bejeriş işleriniň ýüzleý geçirilýändigini aýdýarlar. Adamlaryň arasynda ýerli ýolbaşçylaryň bu problema asla üns bermeýänligini aýdýanlary hem bar.

Üstesine, “ýollary abadanlaşdyryş üçin” diýip, edara-kärhana işgärleriniň aýlyk hakyndan tutulyp galynýandygy hem aýdylýar. Bu barada efirde adynyň tutulmazlygyny islän lebaply zenan Azatlyk Radiosyna şeýle diýdi:

“Her aýda abadanlaşdyryş üçin aýlygymyzdan iki manat tutup galýarlar, ýöne ýollar hiç abadanlaşdyrylanok”.

Paýtagt Aşgabatdan başga şäherleriň, etrapdyr şäherçeleriň köçe-ýollarynyň gowy bejerilmezligi öňden gelýän problemalaryň biri bolup galýar. Türkmenistanyň öz döwlet garaşsyzlygyny gazananyna 21 ýyl bolanlygyna garamazdan, ýurduň käbir ýerlerinde Soýuz döwründen bäri ýekeje gezek bejerilmedik köçeleriň hem bardygy aýdylýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG