Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: Bäş polisiýa işgäri öldürildi


Sişenbe güni Owganystanyn Jalalabad şäherinde amala aşyrylan partlamalarda bäş sany polisiýa işgäri öldi we ýene dördüsi ýaralandy. Yzly-yzyna ýüz beren partlamalar janyndan geçen hüjümçiler tarapyndan amala aşyryldy.

Welaýat administrasiýasynyň resmileri partlamalar we ýarag bilen edilen bu hüjümiň azyndan sekiz sany janyndan geçen hüjümçi tarapyndan amala aşyrylandygyny aýdýarlar.

Bu hüjümleriň hemmesem Jalalabad şäheriniň çalt hereket ediji polisiýa güýçleriniň ýerleşýän edarasynyň töwereklerinde gurnaldy.

Janyndan geçen hüjümçilerden daşary, özara atyşyklarda azyndan ýene dört sany söweşijiniň-de atylyp öldürilendigi aýdylýar. Bu wakanyň yzy bilen owganystanly talybanlar bu hüjümleriň jogapkärçiligini öz üstlerine alyp, beýanat ýaýratdylar.
XS
SM
MD
LG