Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berezowskiniň ölümi barada käbir anyklyk


Sişenbe güni Britaniýanyň polisiýasy şu geçen şenbe güni Londondaky öýünden öli tapylan orsýetli biznesmen Boris Berezowskiniň bedeninde asylyp ölmeklige meňzeş alamatlaryň ýüze çykarylandygyny mälim etdi.

Polisiýa Berezowskiniň bedeninde geçirilen barlaglarda onuň öz ölüminden öň nähilidir bir fiziki urgulara sezewar bolandygyny görkezýän almatlaryň anyklanmandygyny aýdýar. Ýöne Londonyň polisiýasy henizem Berezowskiniň özüni asyp öldürendigini doly tassyklamaýar.

Polisiýanyň maglumatyna görä, Berezowskiniň ölüminiň anyk sebäbini takyklamak boýunça onuň jesedinde ýene goşmaça barlaglar geçiriler.

Orsýetli milliarder Boris Berezowskiý 2000-nji ýylda özüne bildirilen käbir jenaýat aýyplamalarynyň yzy bilen, Orsýeti terk edip, Britaniýadan gaçybatalga alypdy. 67 ýaşly Berezowskiý geçen şenbe güni Londondaky öýünden öli tapyldy.
XS
SM
MD
LG