Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow ministre käýinç berdi


Duşenbe güni prezident Berdimuhamedow wideo aragatnaşyk arkaly ýörite hökümet maslahatyny geçirdi.

Wise-premýerleriň, welaýat häkimleriniň we käbir pudak ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen bu maslahatda, esasan, Türkmenistanyň regionlarynda başlanan pagta ekiş kampaniýasy bilen baglanyşykly meseleler barada gürrüň edildi.

Maslahatyň barşynda prezident Berdimuhamedow Ýolöten we Saragt etraplarynda täze gurlan Saglyk öýleri üçin “Tiz kömek” ulaglaryny sowgat bermek barada ýörite görkezmeler hem berdi.

Mundan daşary, Türkmenistanyň prezidenti ýurduň ýolagçy-transport hyzmatlaryndaky käbir kemçilikler barada-da durup geçip, goýberilen kemçilikler üçin Türkmenistanyň awtomobil transport ministri M.Gurbandurdyýewe berk käýinç yglan etdi.
XS
SM
MD
LG