Sepleriň elýeterliligi

Phenýan ABŞ-nyň bazalaryny nyşana alandygyny aýdýar


Demirgazyk Koreýanyň Halk goşunynyň zenan esgerleri, 25-nji mart, 2013.

Demirgazyk Koreýanyň Halk goşunynyň zenan esgerleri, 25-nji mart, 2013.

Demirgazyk Koreýanyň döwlet gözegçiligindäki merkezi habar agentligi Phenýanyň bu çäresiniň ABŞ-nyň raketalarynyň salýan howpuna jogapdygyny habar berdi. ABŞ we Günorta Koreýa aprel aýynyň aýagyna çenli bilelikde harby türgenleşiklerini geçirýärler.

Habar berlişine görä, Demirgazyk Koreýanyň Baş ýolbaşçylygy raketalary we uzaga atýan artilleriýa ýaraglaryny söweşe “taýýarlyk derejesine” getirmäge çagyrypdyr.

Hytaýyň daşary işler ministri taraplaryň ählisini sabyr-takady saklamaklyga çagyrdy.

ABŞ-Günorta Koreýa ylalaşygy

Koreýanyň Merkezi habar agentliginiň sişenbe güni ýaýradan bu maglumatynyň öňüsyrasynda ABŞ-nyň we Günorta Koreýanyň arasynda ylalaşyga gol çekildi. Ylalaşykda Demirgazyk Koreýa tarapyndan islendik hüjümiň edilen ýagdaýynda ýurtlaryň muňa bilelikde jogap bermegi göz öňünde tutulýar.

By ylalaşyga gol çekilmegi Günorta Koreýanyň ”Çheonan” atly harby gämisiniň gark bolmagynyň üçünji ýyl dönümine gabat geldi. Günorta Koreýa öz gämisiniň Demirgazyk Koreýanyň suwasty torpeda bombasynyň zarbasy netijesinde gark bolandygyny aýdýar. Phenýan muny ret edip gelýär.

Phenýanyň eden soňky haýbatynyň öňüsyrasynda Günorta Koreýanyň Goranmak ministrliginiň metbugat wekili Wee Yong-sub Seulda geçirilen metbugat konferensiýasynda duýduryş bilen çykyş etdi.

Günorta Koreýanyň Goranmak ministrliginiň resmisi “Eger-de Demirgazyk Koreýa, geçmişde edişi ýaly, ýene-de prowokatiw hereket etse”, onda Seulyň muňa müňlerçe esse artyk güýç bilen jogap bejekdigini aýtdy we şeýdip, Çheonan gämisinde wepat bolan “46 sany gahrymanynyň aryny” almakçydygyny mälim etdi.

Phenýanyň ugry

Günorta Koreýanyň prezidenti Park Kyn-He sişenbe güni Çheonan gämisiniň heläkçiliginiň ýyl dönüminde Daejeon milli gonamçylygynda çykyş etdi. Ol Phenýany öz ugruny gowulyga tarap üýtgetmeklige çagyrdy.

Günorta Koreýanyň prezidenti Demirgazyk Koreýanyň ýadro ýaragyndan, raketalardan, prowokasiýalardan we haýbatlardan el çekip, halkara jemgyýetçiliginiň jogapkärçilikli agzasyna öwrülmelidigini aýtdy. Park Kyn-He munuň Demirgazyk Koreýa üçin ýeke-täk dogry ýoldugyny ýatlatdy.

Demirgazyk Koreýa geçen ýylyň dekabr aýynda Ýer şarynyň orbitasyna sputnik, ýagny emeli hemrany uçurdy. Şol bir wagtda-da ýurduň Birleşen Ştatlara zarba urmaga ukyply bolan raketa eýedigine şübhe bildirilýär.

Geçen aýda Phenýan öz ýadro ýaragynyň üçünji synagyny geçirdi. Bu bolsa BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Demirgazyk Koreýa garşy sanksiýalary güýçlendirmek tagallalaryna bat berdi.

Mart aýynyň başynda Demirgazyk Koreýa 60 ýyl mundan ozal koreý urşunyň tamamlanmagyna getiren özara ýaraşykdan ýüz öwürýändigini yglan etdi.
XS
SM
MD
LG