Sepleriň elýeterliligi

Logarda Talybana garşy operasiýa geçdi


Çarşenbe güni Owganystanyň hökümet resmileri ýurduň Logar welaýatynda soňky iki gün bäri geçirilen operasiýalaryň barşynda talyban söweşijilerinden 23-siniň öldürilendigini mälim etdiler.

Welaýatyň polisiýa edarasynyň başlygynyň orunbasary Khan Abdul Rahimzaý bu welaýatyň obalaryndan birinde NATO güýçleri bilen bilelikde geçirilen bu operasiýada 40-dan gowrak talyban söweşijisiniň tussag edilendigin aýtdy.

Ýerli resmiler bu harby operasiýada ýerli parahat ýaşaýjylardan hem bäşisiniň, şol sanda dört çaganyň we bir aýal maşgalanyň ölendigini habar berdiler.

Talybanlaryň sözçüsi çarşenbe güni e-meýl arkaly ýaýradan beýanatynda bu gürrüňi edilýän operasiýada diňe 12 sany talyban söweşijisiniň ölüp, parahat ýaşaýjylardan hem 28 adamyň ölendigini öňe sürdi.
XS
SM
MD
LG