Sepleriň elýeterliligi

Prokuror: “Gyrgyz deputatlary ýerlikli tussag edildi”


Çarşenbe güni Bişkek şäheriniň raýon prokurory Asanaly Imanbekow parlamentiň üç sany oppozision deputatynyň tussag edilmeginde kanuny prosesiň bozulandygy baradaky aýyplamalary ret etdi.

Hepdäniň sişenbe güni gyrgyzystanly ynsan hukuklaryny goraýjylaryň Geňeşi geçen ýylyň oktýabryndaky protestler bilen baglanyşykly “Ata-Žurt” partiýasynyň liderleri Kamçybek Taşiýewe, Sadyr Japarowa we Talant Mamytowa garşy bildirilen aýyplamalarda we derňewlerde kanun bozmalara ýol berlendigi barada beýant etdi.

Emma bu derňewleri alyp baran raýon prokuraturasynyň prokurory Asanaly Imanbekow bu beýanaty suda basyş görkezmek üçin edilýän synanyşyk hökmünde häsiýetlendirdi.

Oppozision “Ata-Žurt” partiýasynyň bu üç lideri geçen ýylyň oktýabrynda köpçülikleýin bulagaýçylyk döretmekde we häkimiýeti güýç bilen basyp almak synanyşyklarynda aýyplanyp tussag edildiler. Olaryň işi boýunça suduň hökümine şu hepdäniň anna güni garaşylýar.
XS
SM
MD
LG