Sepleriň elýeterliligi

Daşoguzda halkara forumy açyldy


Çarşenbe güni Türkmenistanyň Daşoguz şäherinde “Aralyň ekologiýasy: durnukly ösüş we halkara hyzmatdaşlygy” ady bilen halkara konferensiýasy açyldy.

Iki günlük dowam etjek bu konferensiýa Orsýetiň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň delegasiýalaryndan daşary, Dünýä bankynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Araly halas etmek baradaky halkara fondunyň we käbir beýleki guramalaryň wekilleri gatnaşýarlar.

Bu konferensiýanyň dowamynda Aralyň ekologiýasy, regiondaky çölleşmek prosesiniň öňüni almak, bioköpdürliligi we ekologiýany goramak ýaly ençeme möhüm meseleler boýunça maslahat ediljekdigi habar berilýär.

Bu konferensiýanyň bosagasynda prezident G.Berdimuhamedow “Ekologiki medeniýet we daşky gurşawy goramak” ady bilen täze bir žurnalyň neşir edilmegi baradaky karara gol çekdi. Bu žurnaly eýýäm şu mart aýyndan başlap her kwartalda bir gezek türkmen, rus we iňlis dillerinde çap etmeklik göz öňünde tutulýar.
XS
SM
MD
LG