Sepleriň elýeterliligi

Moskwa: Nyýazowanyň sud güni kesgitlendi


"Indeks Bankyň" öňki başlygy Aýsoltan Nyýazowa, Moskwa, 23-nji awgust, 2012.

"Indeks Bankyň" öňki başlygy Aýsoltan Nyýazowa, Moskwa, 23-nji awgust, 2012.

2002-nji ýylda Türkmenistanyň Merkezi bankyndan 40 million dollar puluň ogurlanmagy bilen bagly dowam edýän sud işine degişli täze maglumatlar peýda boldy. Şu hepdede Moskwanyň şäher sudy bu ogurlyga gatnaşmakda günä ýöňkelýän Aýsoltan Nyýazowanyň tussag astynda galmagyny esasly diýip ykrar etdi. Şol bir wagtda-da 2011-nji ýyldan bäri tussaglykda saklanýan Nyýazowanyň işi henizem suduň garamagynda galýar.

Aýsoltan Nyýazowanyň işine garaýan Moskwanyň Zamoskworetsk etrap sudunyň metbugat wekili Ýewgeniýa Pazuhinanyň Aztlyk Radiosyna aýtmagyna görä, indiki sud diňlenişigi ikinji aprele bellenipdir.

Şu hepdäniň duşenbe güni Moskwanyň şäher sudy Aýsoltan Nyýazowanyň 11-nji aprele çenli tussag astynda galdyrylmagyny kanuny diýip, resmi netije çykarypdy.

Moskwanyň Zamoskworetsk etrap sudunyň metbugat wekili Ýewgeniýa Pazuhinanyň sözlerine görä, 2002-nji ýylda Türkmenistanyň Merkezi Bankyndan 20 million dollar möçberde pul ogurlamakda günälenýän Nyýazowanyň işi boýunça geçen ýyldan bäri sud diňlenişikleriniň onlarçasy geçirilipdir, emma sud henize çenli karar çykarmandyr.

Pazuhina soňky sud diňlenişiginiň Zamoskworetsk sudunda geçen hepdede geçirilendigini, emma suda çagyrylan şaýatlaryň gatnaşmandygy sebäpli diňlenişigiň ýene-de yza tesdirlendigini aýtdy.

Habar berlişine görä, Türkmenistanyň we Orsýetiň raýaty bolan Aýsoltan Nyýazowa sekiz ýyldan gowrak wagtlap gözlegde bolup, 2011-nji ýylda Sweýsariýada tussag edilipdi we Orsýete tabşyrylypdy.

Resmi aýyplama

2012-nji ýylyň iýul aýynda Moskwanyň şäher prokuraturasy Aýsoltan Nyýazowa garşy aýyplaw netijesini tassyklady.

Moskwanyň şäher prokuraturasynyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Aýsoltan Nyýazowa Orsýetiň Jenaýat Kodeksiniň 159-njy maddasynyň 3-nji bölegi (ýagny, galplyk) we 174-nji maddasynyň 3-nji bölegi (ýagny, jenaýatçylyk netijesinde gazanylan pullary kanunlaşdyrmak) boýunça günä ýöňkeldi.

Prokuratura Nyýazowany Türkmenistanyň Merkezi Bankyndan pul ogurlamakda we bu puly Orsýetiň giňişliginde kanunlaşdyrmakda aýyplaýar. Aýyplaýjy tarapyň Nyýazowany jenaýat toparynyň guramaçysy bolup, jenaýat planyny düzen adam diýip hasap edýändigi habar berilýär.

Habar agentlikleriniň maglumatyna görä, geçen ýylyň awgust aýynda geçirilen sud diňlenişiginde Aýsoltan Nyýazowa özüne ýöňkelýän aýyplamalary ret etdi.

2002-nji ýylda Türkmenistanyň Merkezi bankyndan 40 milliondan gowrak puluň ogurlanmagy bilen baglylykda 2010-njy ýylda biznesmen Saweliý Burşteýn, 2004-nji ýylda bolsa “Rus depozit bankynyň” başlygy Dmitriý Leus sud edilipdi, şol bir wagtda-da Türkmenistanyň Merkezi bankynyň öňki işgäri Myrat Garabaýew aklanypdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG