Sepleriň elýeterliligi

Ýazyjy-şahyrlaryň degişmelerinden


Ýazyjynyň karikaturasy

Ýazyjynyň karikaturasy

Pöwrize SSSR döwründe ilatyň gür ýaşaýan şäherçesidi. Türkmenistan SSR-nde iň ýokary wezipäni eýeleýän adam –Türkmenistan Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň birinji sekretary Pöwrizede diňe tomus ýaşap, ol ýerden Aşgabada işe gatnaýardy.

Döwük “Moskwiç”

Pöwrize SSSR döwründe ilatyň gür ýaşaýan şäherçesidi. Türkmenistan SSR-nde iň ýokary wezipäni eýeleýän adam –Türkmenistan Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň birinji sekretary Pöwrizede diňe tomus ýaşap, ol ýerden Aşgabada işe gatnaýardy. Birinji sekretar-da il deňinde şenbe, ýekşenbe günleri dynç alardy.

1961-1969-njy ýyllarda Türkmenistan Kompartiýasynyň Merkezi Komitetiniň birinji sekretary bolup işlän Balyş Öwezow edebiýata, sungata hormat goýýan adamdy. Ol her hepdäniň şenbe güni Pöwrizedäki hökümet jaýyna atly ýazyjy-şahyrlary ýygnap, saçak başynda gürrüňdeş bolýardy.

Şol şowhun-şagalaňly şenbeleriň birinde Pöwrizä çagyrylan ýazyjy-şahyrlar bellenen wagty Balyş Öwezowyň hökümet jaýyna barýar. Diňe bir adam, şol döwürde respublikanyň Daşary ýurtlar bilen dostlyk jemgyýetine ýolbaşçylyk edýän şahyr Anna Kowusow diýlen wagty Pöwrizä gelmeýär.

Edim-gylym babatda medeniýetli Balyş Öwezow: “Garaşylmadyk ýagdaý ýüze çykan bolmaly, Anna garaşalyň! Anna gelenden soňra saçak başyna geçeris!” diýýär.

Aradan ýarym sagat geçýär, Anna Kowus gelmeýär. Balyş Öwezow: “Duz-tagamy köp garaşdyrdyk, saçak başyna geçiň” diýipdir.

Birinji tost ýurduň abadançylygy üçin göterilýär. Şol wagt eli awtoulag süpürilýän ýagly esgili Anna Kowus howla girýär. Balyş Öwezow: “Anna, respublikada gijä galsa diňe bir adama, maňa– Merkezi Komitetiň birinji sekretaryna garaşýarlar. Munça adamy, hatda meni garaşdyrar ýaly, haýsy wezipäni eýeleýäň?” diýip, oňa ýarym çyn, ýarym degişme bilen igenýär.

Elini ýagly esgi bilen süpürmegini dowam edýän Anna Kowus: “Balyş Öwezowiç, gulluk maşynym köne “Moskwiç”. Ýola çyksaň döwülýär. Daşary ýurtdan abraýly myhman gelende-de döwlüp, masgara bolýas. Şu günem ýolda döwüldi. Özümem sürüjä kömekleşip, zordan bejerdik” diýýär.

Anna Kowusa “Ýagdaýyň gowy däl eken, hany, eliňi ýuwup, saçaga geç!” diýen Balyş Öwezow ýanynda oturan Muhammetnazar Gapurowdan, respublikanyň Ministrler Sowetiniň başlygyndan: “Rezerwde (ätiýaçda) näme maşyn bar?” diýip soraýar.

Sowalyň häme üçin beriýändigine düşünen Gapurow: “Gara reňkli “Wolga” bar, ýöne ol hökümet agzasy ministrlere berilýän maşyn. Anna hökümet agzasy däl. Ol jemgyýetçilik guramasynyň başlygy” diýipdir.

Anna Kowusa çyny bilen haýpy gelen Balyş Öwezow: “Anna daşary ýurtlylar bilen işleşýär. Hepdäniň başyna “Wolgany” Anna ber” diýýär. “Başlyk aýtdy, işi gaýtdy” diýleni, Gapurow “Bolýar” diýýär.

Oturylşyk täzeden dowam edýär. Ýazyjylaryň biri Balyş Öwezowyň adresine öwgüli sözleri aýdyp, ikinji tosty onuň saglygyna götermegi teklip edýär. Eli bulgura uzan Balyş Öwezow gülüp başlaýar. Gülküniň arasynda: “Anna, aldaw-hile bilen “duzaga düşürdiň”. “Maşyn döwüldi” diýýäniň ýalan bolmaly” diýýär.

Ençeme çarşenbäni başdan geçiren Anna Kowus: “Balyş Öwezowiç, gara “Wolga” münjek bolsaň, “Moskwiçi” döwmeli bolýar” diýip, onuň gülküsine goşulýar. Gulküni beýlekilerem alyp göterýär.


Apparat gözlegi

Adamyň eşidiş ukybynyň peselmegi (gulagynyň agralmagy) garrylygyň alamaty (“buşlykçysy”) bolýar. Türkmen ýazyjylarynyň arasynda Ata Durdyýew, Kakajan Durdyýew, Atajan Tagan… dagy bu derde has ir uçrady. Olar gulagyna ýörite apparat dakynyp, adamlar bilen gepleşýärdi.

Hudaýberdi Diwangulyýewiň-de bir gulagy ýaşlykdan esitmeýärdi. Ýaşy 60-dan
agandan soň onuň beýleki gulagynyň-da eşidişi has peseldi.

Ol günlerde bir gün dürtme ker Atajan Tagan bilen köçede pete-pet gabat gelýär. Ondan: “Atajan, ikinji gulagym-da eşitmekden galyp barýar. Özüňki
ýaly gulaga dakylýan apparaty nireden tapyp bolýar?” diýip soraýar.

Sowaly doly eşitmese-de, manysyna düşünen Atajan Tagan: “Bu apparat maňa külli mugtuna düşdi. Kakajan Durdy aradan çykanda çagalaryna “Özüňiz ulanmajak bolsaňyz, Kakajanyň gulaga dakylýan apparatyny maňa beriň!” diýdim. Olar “Haýryny gör!” diýip, peşgeş berdiler” diýýär.

“Çala eşiden çatma ýykar, öte eşiden öý” diýlene bap gelýän jogaby eşiden Hudaýberdi: “Apparat edinmek üçin men indi seniň ölümiňe garaşmalymy? Ikimiz deň-duş, haysymyzyň öň öljegimiz bir Alla belli” diýip hüňürdäpdir.

Türkmende “Ker kişi iki güler” diýen söz bar. Sebäbi ker başda sözi eşitmese-de, il ugruna gülýär. Soňra anygyna ýetip, ikinji sapar gülýär. Atajan-da dili päki ýaly ýiti Hudaýberdi gülküli söz aýdandyr diýen oý edip, sözi eşitmän gülýär. Anygyna ýetip, ikinji sapar çyndan gülmekçi bolanda öýkeläp, ýeňsesini tüňňerdip, özünden daşlaşyp barýan Hudaýberdä gözi düşýär.

Ýuwaş oglan

1992-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Hökümet delegasiýasy Küweýt, Katar döwletlerine resmi sapar bilen gitdi. Ýazyjy Hudaýberdi Diwangulyýewi Neşirýat işleri baradaky döwlet komitetiniň başlygy (ministr) hökmünde, meni ýazyjy hökmünde hökümet delegasiýasynyň düzümine goşdylar.

Prezidentiň uçary (samolýoty) iki bölege (salona) bölünendi. Birinji salonda
prezidentiň iş otagyi, dynç alýan otagy… ýerleşýärdi. Ikinji salon resmi delegasiýanyň agzalaryna, delegasiýany ugradýanlara, oňa hyzmat edýänlere niýetlenendi.

Uçar galmaly belentligine galandan soňra Nyýazow öňki endigine eýerip, ikinji salona çykdy. Resmi delegasiýanyň agzalary bilen degişmek-gülüşmek, olaryň göwnüni göterjek hoş söz aýtmak onün halaýan zadydy.

Hudaýberdi ikimiz salonyň iň öňündäki hatarynda bile otyrdyk. Nyýazow deslap biziň ýanymyza geldi.

Özüni mahabatlandyryp, tas her gün öwgüli makala ýazyp, metbugatda, radio-telewideniýede çykyş edýän Hudaýberdä hormat göyýandygyny beýlekilere aýan etmek üçin:

“Hudaýberdi jan, sen ýuwaş oglan. Şu iki döwlete sapara gaýtmak çözülende resmi Hökümet delegasiýasyna girjekleriň sanawuny özüm düzdüm. Seni ýeke gezegem Hökümet delegasiýasyna goşman ekenim. Ine, Amanmyrat dagy “Berseň eliňden, bermeseň ýoluňdan” edýär. Öňräk Türkýä resmi sapara gitjek bolanymda “Amanmyrat, Türkýä gitdiňmi?” diýip soradym. “Ýok” diýdi. - Nyýazow gürrüňini dowam etdi: - Hökümet delegasiýasyna goşdum.

Ýurda öwrülip geldik. Öň Türkýede bolandygyny anykladym. “Sen öňem Türkiýede bolan ekeniň-ä!” diýsem, “Öň Mejlisiň başlygy Myradow bilen Türkýede boldum. Sapar Ataýewiç, özüň bile Türkýede bolup–bolmandygym bilen gyzyklanyp soraýansyň öýdüp, “Ýok” diýdim–diýdi. Garaz, başymy - gözümi aýlady” diýip, Nyýazow gülüp gürrüň berdi.

Ol Hökümet delegasiýasynyň beýleki agzalary bilenem birsellem degişip-gülüşip, öz salonyna gitdi. Yzysüre ikinji salona nahar çekip ugradylar. Ol jebis ýapylýan ýörite tabakda getirilýärdi. Men tabagymy açdym. Onda gapdalyna dürli-dümen goýlan towuk budy bardy. Hudaýberdi-de tabagyny açdy. Tabakda iki bölek kotlet bardy. Megerem, resmi delegasiýa girmeýänlere niýetlenen nahar oňa ýalňyşlyk bilen
getirilipdi. Hudaýberdi geň galyp, meniň tabagyma seredýärdi. Men oňa:

“Hudaýberdi, agam, agzyňy suwjardyp, tabagyma seredip oturma! Nahar göz bilen däl-de, agyz bilen iýilýär. Öňüňde name goýlan bolsa, iýiber! Sen ýaly “ÝUWAŞ OGLANA” tabagyňdaky ýaly nahar berilýär” diýdim.

Hudaýberdä gülmekden hem-de tabagyndaky iki bölek kotleti iýmekden başga alaç galmady.

Toplan, taraşlan Amanmyrat BUGAÝEW.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG