Sepleriň elýeterliligi

Orsýetde HAG-laryň işi derňelýär


Orsýetiň häkimiýetleri hökümetden aýry guramalaryň işini derňemek kampaniýasyny dowam etdirýärler.

Bu kampaniýanyň çäklerinde çarşenbe güni köpsanly beýleki guramalar bilen bir hatarda “Transparency International” we “Human Rights Watch” guramasy ýaly halkara guramalarynyň Moskwadaky ofislerinde-de prokuraturanyň we salgyt gullugynyň işgärleri barlag geçirdiler.

Bu wakalaryň fonunda graždan aktiwistlerine ýuridiki hyzmatlary hödürleýän we düýbi Kazanda ýerleşýän “Agora” guramasyna-da bu guramanyň dokument işleri boýunça hasabat berilmelidigi barada Orsýetiň organlaryndan ýazmaça talabyň gelendigi barada maglumat alyndy.

Geçen hepdeden bäri Orsýetiň häkimýietleri hökümetden aýry guramalaryň ýüzlerçesiniň registrasiýasy we maliýe işleri bilen baglanyşykly ýagdaýlary derňemek boýunça iş alyp barýarlar.

Ýurduň häkimiýetleri özleriniň bu çärelerini bu guramalaryň işiniň Orsýetiň täze kanunyna laýyk gelip-gelmeýändigini barlamak bilen baglanyşdyrýarlar.
XS
SM
MD
LG