Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda BSG-e girmek meselesine garalýar


Çarşenbe güni Birleşen Ştatlaryň Aşgabatdaky ilçihanasy Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna girmek meselesine bagyşlanyp, Aşgabatda iki günlük halkara konferensiýasynyň öz işine başlandygyny habar berýär.

Amerikan ilçihanasynyň bu baradaky ýaýradan press-relizinde bu konferensiýanyň ABŞ-nyň USAID programmasy hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan gurnalandygy habar berilýär.

Press-relizde aýdylmagyna görä, bu maslahata Türkmenistanyň öz ministrliklerinden we pudaklaýyn edaralaryndan 50 töweregi wekil bilen birlikde, halkara guramalaryndan, şol sanda Bütindünýä Söwda Guramasyndan-da ekspertleriň we delegatlaryň onlarçasy gatnaşýar.

Aşgabatda şeýle halkara konferensiýasyny geçirmekden maksadyň Türkmenistanyň resmilerini Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmaga taýýarlyklar bilen baglanyşykly möhüm maglumatlar bilen tanyşdyrmakdan ybaratdygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG