Sepleriň elýeterliligi

Karimowyň saglygy sorag döredýär


Özbegistanyň senatory Swetlana Ortikowa prezident Yslam Karimowyň saglyk ýagdaýynyň ýaramazdygy barada peýda bolan maglumatlary çarşenbe güni ret etdi.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde senator Swetlana Ortikowa 75 ýaşly prezident Karimowyň saglyk ýagdaýynyň örän gowudygyny we hatda şu hepde Karimowyň Senatyň sessiýasyna gatnaşmagynyň-da mümkindigini aýtdy.

Bu wakadan birneme öň özbek oppozision toparlaryna degişli internet saýtlarynda prezident Yslam Karimowyň geçen hepde ýürek infarktyny başdan geçirendigi barada maglumatlar peýda boldy.

Bu saýtlardan käbirleri hepdäniň sişenbe güni Özbegistanyň öz hökümet çeşmelerine salgylanmak bilen, prezidentiň saglyk ýagdaýynyň “agyrdygyny” öňe sürdüler.

Emma hepdäniň çarşenbe güni Yslam Karimowyň gyzy öz “Twitter” sahypasynda bu maglumatlary ret etdi. Soňky gezek Özbegistanyň telewideniýesi geçen hepde prezident Karimowyň Daşkentde bellenen Nowruz baýramçylygynda tans edip ýörenini görkezipdi.
XS
SM
MD
LG