Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türk-Ysraýyl gatnaşyklaryndaky täze äheňler


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama (çepde) Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu bilen Tel-Awiwiň aeroportunda duşuşýar. Tel-Awiw, 20-nji mart, 2013.
ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama (çepde) Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu bilen Tel-Awiwiň aeroportunda duşuşýar. Tel-Awiw, 20-nji mart, 2013.
Amerikanyň prezidenti Barak Obama öten hepde Ysraýyldan yzyna, öz ýurduna uçmaga taýynlanýarka, bu regiona saparynyň dowamynda gazanan syýasy üstünligi ýok diýlip tankytlanypdy. Ýöne Obama soňky pursatda Tel-Awiwiň Ben Gurion aeroportunda Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu bilen gürleşdi.

Şondan soňra bolup geçen zatlara Obamanyň Ysraýyla we Palestina eden ilkinji prezidentlik saparynda bitiren diplomatik işi diýip garalýar.

Netanýahu türk kärdeşi Rejep Taýyp Erdogana jaň edip, 2010-njy ýylda Gaza tarap barýan flotiliýa edilen hüjümiň dokuz sany parahatçylyk boýunça türk aktiwistiniň ölümine sebäp bolandygy üçin resmi taýdan ötünç sorady. Bu jaň ençeme ýyllap Ysraýylyň esasy musulman ýarany bolan Türkiýe bilen bozulan gatnaşyklaryny gaýtadan dikeltmek üçin ädilen ilkinji ädim boldy.

Nähli baha berilýär?

Knessetiň (Ysraýylyň parlamenti) öňki başlygy, häzir Ysraýylyň "Molad" ylmy-barlag merkezinde synçy bolup işleýän Awrum Burg: "Bu diňe bir wagt meselesidi" diýýär.

Burg bu ugurda: "Amerikanlaryň herekete geçip, o tarapy tertip-düzgüne çagyrmagy diňe bir wagt meselesidi. Pikir edip görseňiz, başga gaty köp problemalar ýatyr. Birleşen Ştatlaryň öz esasy ýaranlaryny durnuklylaşdyrmagy zerur. Şeýlelikde, amerikanlaryň arzuwy bize we türklere buýruk bolup geldi" diýýär.

Gürrüň indi Ysraýyl bilen Türkiýäniň dostlukly gatnaşygy dikeltmeginiň arap ýazyndan bäri heniz hem doly ýola düşüp bilmän gelýän regiona etjek täsiri barada.

Londonda ýerleşýän "Chatham House" ylmy-barlag merkeziniň Orta Gündogar boýunça eksperti Ýossi Mekelbergiň pikiriçe, Ysraýyl bilen Türkiýe indi diplomatik, syýasy, harby we ykdysady hasyly ormaly. Olaryň umumy gün tertibinde iň ýokary orunda duran mesele - Siriýa.

"Siriýanyň dargamagy, himiki ýaraglaryň düşmeli däl adamlaryň eline düşmegi Ysraýyly-da, Türkiýäni-de aladalandyrýar. Siriýa dargasa, bu ýaraglar döwlete degişli bolmadyk aktýorlaryň eline düşüp, her hili hüjümlerde ulanylmaz ýaly, olar aňtaw derejesinde, hatda syýasy derejede-de işleşmeli" diýip, Orta Gündogar boýunça ekspert Ýossi Mekelberg öz pikirini beýan edýär.

Türk tarapynyň garaýşy

Türkiýäniň Ankarada ýerleşýän Halkara strategik barlag guramasy USAk-nyň analizçisi Mehmet Ýeginiň garaýşyça, bular ýaly hyzmatdaşlygyň diňe Siriýanyň prezidenti Başar al-Assady däl, eýsem onuň regional goldawçysy Eýrany-da yza serpikdirmegi mümkin.

"Siriýa meselesi barada Türkiýäniň tutumy edil Ysraýylyňky ýaly. Ýöne öz syýasatlaryny koordinirlenmänligi üçin bularyň işi häzire çenli o diýen netijeli bolmady. Assadyň režimine ýarag ibermekde Eýranyň Yrak bilen hyzmatdaşlygy beýleki tarapyňkydan has netijeli boldy. Meniň pikirimçe, bu Eýran tarapyndan oňat garşylanmajak bir uly habar" diýip, Mehmet Ýegin belleýär.

Ýegin: "Soňky wagtlarda regionda ençeme diplomatik üstünlikleri gazanan Türkiýe Eýran we hatda Gazada höküm sürýän Hamas hereketi bilen bolan gatnaşykda-da möhüm regional araçy bolup gelýär" diýýär.

Ysraýylyň "Molad" ylmy-barlag merkezinde synçy bolup işleýän Awrum Burgyň pikiriçe, türkleriň sahna dolanyp gelmeginiň we premýer-ministr Erdoganyň geljek aý özüniň Gaza sapar etme niýetiniň bardygyny bildirmeginiň yslamçylaryň ýolbaşçylygyndaky Müsüriň özüni regional güýje öwürmek baradaky tagallalaryna zyýan ýetirmegi mümkin.
XS
SM
MD
LG