Sepleriň elýeterliligi

"Asyryň ogurlygyna" näme sebäp boldy?


Türkmenistanyň Merkezi Banky, Aşgabat.

Türkmenistanyň Merkezi Banky, Aşgabat.

2002-nji ýylda Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň hasaplaryndan uly möçberde puluň ogurlanmagy şol döwürde uly şowhun turuzan bir waka bolupdy, käbir habar beriş serişdelerinde bu waka “asyryň ogurlygy” diýip atlandyrylypdy.

Türkmenistanda 40 million dollardan gowrak puluň ogurlanmagy bilen baglylykda ýurduň özünde maliýe pudagynyň käbir resmilerine garşy jenaýat işleri gozgalypdy, birnäçe adama ýyl kesilipdi.

Emma soň bu mesele Türkmenistanda ünsden düşen ýaly bolupdy. Muňa näme sebäp boldy? Ençeme ýyllap üzňelik syýasatyny alyp baran Türkmenistanda şeýle maliýe jenaýatçylygynyň amala aşyrylmagy nädip mümkin bolupdy?

Azatlyk Radiosy bu sowallara jogap tapmaga synanyşyp, Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň öňki başlygy Hudaýberdi Orazow bilen söhbetdeş boldy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG