Sepleriň elýeterliligi

Doronin: 'Aral deňzi Türkmenistana howp salmaýar'


Aral deňziniň sputnikden düşürilen suraty. Gazagystan. 10-njy iýul, 2009 ý.

Aral deňziniň sputnikden düşürilen suraty. Gazagystan. 10-njy iýul, 2009 ý.

Daşoguz welaýatynda 27-nji martda “Aral ekologiýasy: durnukly özgerişler we halkara hyzmatdaşlyk” atly iki günlük halkara konferensiýa başlandy. Bu konferensiýa Orsýetiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň delegasiýalary gatnaşýarlar.

Bir bölegi Özbegistana hem degýän, emma Gazagystanda ýerleşýän bu deňziň gurap barýandygy, şunlukda onuň tutuş regionyň ekologiýasyna howp salýandygy barada yzygiderli maglumatlar çap edilýär.

Eýse, deňiz we onuň bilen bagly problemalaryň Türkmenistana ýetirýän täsiri nämeden ybarat? Türkmenistan ýetäýmegi mümkin bu täsiriň öňüni almak hem-de Aral deňzi bilen bagly bu problemanyň çözgüdini tapmak üçin nähili kömek edip biler?

Azatlyk Radiosy bu soraglar bilen gyzyklanyp, Moskwa şäheriniň döwlet uniwersitetiniň professory, şeýle-de BMG-niň tebigaty goramak boýunça programmasynyň eksperti Nikolaý Dronin bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Aral deňziniň ýagdaýy barada Türkmenistanyň alada etmeginiň sebäbi nämede?

Nikolaý Dronin: Türkmenistanyň Aral deňzine hiç hili göni gatnaşygy ýok, emma bu problemanyň netijesinde Türkmenistanyň başga bir problema bilen ýüzbe-ýüz bolmagy mümkin. Bu ýerdäki ilkinji mesele: Aral deňzini doldurýan suw resurslary nähili paýlanar diýen sorag.

Bu ýerde ýene bir problema bar, Nyýazowyň döwründe suwy tygşytlamak üçin Türkmenistanda uly kölüň gurluşygy başlanypdy. Ekarançylykda ulanylan suwlar soňy bilen şol kölde toplanylmalydy. Bu hem Özbegistan üçin suwuň azalmagyny aňladardy. Bu bir dawaly ýagdaýdy we Özbegistan bu gurluşyga berk garşy çykyş edipdi.

Azatlyk Radiosy: Siziň pikiriňizçe, türkmen hökümetiniň ”Türkmen köli” babatdaky proýekti doly amala aşyrylsa, onda suwy tygşytlap bolarmy?

Nikolaý Dronin: Muny aýtmak kyn. Sebäbi ol suwuň hili pes. Umuman aýdylanda, Merkezi Aziýada suw köp, emma hili erbet. Şol hapa suwlary derýalara akdyrmak howply bolany üçin ol suw howdanlaryna akdyryrylýar. Ol ýere ýygnanan suw hem porsaýar. Beýle suw bolsa hiç kime gerek däl, şonuň üçin bu proýekt şübhe döredýärdi. Ondan başga-da ol örän çykdajyly proýekt.

Azatlyk Radiosy: Aral deňziniň Türkmenistana hiç hili ilteşiginiň ýokdugyny aýtdyňyz, bu ýagdaýda Türkmenistanyň Aral deňzi baradaky duşuşyklara gatnaşmagynyň sebäbi näme?

Nikolaý Dronin: Aral deňzi baradaky tema örän meşhur, bu barada hemişe gürrüň edilýär. Elbetde, bu problema Täjigistan bilen Özbegistany has hem ýakyndan gyzyklandyrýar. Türkmenistana onuň hiç hili dahyly ýok. Emma ol regional derejede geçirilen duşuşyklara gatnaşmak isleýär.

Azatlyk Radiosy: Aral deňziniň guramagy Türkmenistana nähili täsirini ýetirip biler?

Nikolaý Dronin: Munuň Türkmenistana hiç hili täsiri bolmaz. Meniň pikirimçe, Türkmenistany bu ýerde gyzyklandyrýan zat, Aral deňzine Amyderýadan akýan suw. Amyderýadan [özüniň] näçe mukdarda suw alyp biljegi barada, derýadan suw alýan döwletleriň özara ylalaşygy bar. Şol ylalaşygyň bozulmagy mümkin. Türkmenistanyň hem onuň öňüni almak üçin duşuşyklara gatnaşýan bolmagy mümkin.

Bu ylalaşyk bozulan ýagdaýynda Täjigistanyň elektrik energiýasyny öndürmek üçin suw howdanyny gurmagy mümkin. Şeýlelikde suw Täjigistanda böwetlener. Özbegistanam näçe islese, [suw] alyp başlar. Şonuň netijesinde Türkmenistan suw meselesinde olara garaşly bolup biler. Onsoň beýle ýagdaýlaryň ýüze çykmazlygy üçin hemişe seresap bolup, elmydama gepleşikler geçirip durmaly.

Azatlyk Radiosy: Amyderýadan suw almaklyk barada Täjigistanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň arasyndaky ylalaşygyň bozulmazlygy üçin Türkmenistan näme teklip edip biler?

Nikolaý Dronin: Türkmenistanyň barter ylalaşyklaryny teklip etmegi mümkin. Beýle etmek üçin bu ýurduň ähli zady bar. Türkmenistandan gazam, nebitem çykýar. Täjigistanyň hem gidroelektrik stansiýa gurmaga bolan gyzyklanmasynyň bardygy bilinýär. Şonuň üçin bu ýerde iki tarapyň hem bähbidine tamamlanjak çykalga tapylyp bilner. Türkmenistan Täjigistan bilen ylalaşyp, oňa arzanrak bahadan ýangyç berip, ornuna Duşenbeden hiç hili duýdansyz hereket etmezligi sorap biler.

Türkmenistanyň ösmegine böwet bolýan esasy zat hem suw meselesi. Nyýazowyň döwründen bäri bu ýurt gallaçylykda garaşsyz bolmagy arzuw edip gelýär. Şonuň üçin bugdaý ekilýän meýdanlar giňeldilýär. Bu hem has köp suw talap edýär. Şonuň üçin Türkmenistanyň Täjigistan we Özbegistan bilen gepleşikler geçirmegi zerur. Sebäbi bu çynlakaý mesele.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG