Sepleriň elýeterliligi

Nowruz baýramy üçin prezidente alkyş okalýar


Nowruz baýramçylgyndan bir görnüş. 22-nji mart, 2013 ý.

Nowruz baýramçylgyndan bir görnüş. 22-nji mart, 2013 ý.

Çarşenbe güni Türkmen döwlet medeniýet institutynda Türkmenistanda ilkinji gezek halkara derejesinde bellenen Nowruz baýramçylygynyň jemlerine bagyşlanan maslahat geçirildi.

Bu maslahata ýurduň medeniýet we sungat wekilleri, tanymal döredijilik işgärleri hem žurnalistler gatnaşdylar diýip, türkmen telewideniýesi habar berýär.

Türkmen telewideniýesiniň “Watan” programmasynyň diktory bu maslahatda milli medeniýet ulgamynyň ýakyn geljekdäki wezipeleriniň hem ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýdýar.

Halk we Arkadag

Emma maslahatda çykyp geplänler, türkmen telewidenisiniň taýýarlan telereportažyndan çen tutulsa, esasan bir meselä, ýurtda barha rowaç alýandygy aýdylýan “Milli medniýet syýasatyna” we “halk bilen onuň Arkadagynyň bir-bitewidigine” ünsi çekmäge çalşan ýaly görünýär.

Mysal üçin, türkmen telewideniýesinde çykyşy görkezilen, emma ady aýdylmadyk medeniýet wekilleriniň biri şeýle diýýär:

“Nowruzyň geçişini synlap, şeýle bir tolgundym. Sebäbi ol tolgunmaz ýaly däl: ähli zatda, her bir hereketde biz öz Arkadagymyzyň aladasyny gördük şo taýda.”
Ahalda bellenen Nowruz baýramçylygyndan bir görnüş. 22-nji mart, 2013 ý.

Ahalda bellenen Nowruz baýramçylygyndan bir görnüş. 22-nji mart, 2013 ý.


Bu medeniýet wekiliniň ynanjyna görä, eger prezidentiň şeýle alada-yhlasy bolmadyk bolsa, Nowruz baýramçylygy beýle derejede geçirilip bilmezdi we “muny türkmen halky-da, dünýä-de bilýär”.

Şeýle-de ol prezident Berdimuhamedow “geçmişi, geljegi öz akyl eleginde eläp, öz gelen netijesi boýunça hereket edýär we türkmeni dünýä medeniýetli, sowatly halk hökmünde tanadýar” diýip pikir edýär.

Maslahatda çykyş edenleriň ýene biri, telereportažda onuň hem ady aýdylmaýar, bu pikiri ösdürip, prezidentiň milli mirasa, taryhy tejribä üns bermek bilen, olary şu gün bilen utgaşdyryp, jemgyýetçilik aňyny herekete getirmekligi esasy wezipe edinendigini nygtaýar.

Onuň pikiriçe, bu wezipe watanyny söýýän täze nesli terbiýeläp ýetişdirmekligi maksat edinýär we şu ýoldan näçe tiz gidilse, şonça-da gowy bolar:

“Hormatly prezidentimiziň görkezýän ýoly bilen gidip barýas, gideris, näçe tiz gitsek, şonça bagtyýar bolarys.”

"Ruhnama" derek "Nowruznama"

Eger biraz yza seredilse, S.Nyýazow döwründe hem täze, watana ýürekden berlen nesli taýýarlap ýetişdirmeklik barada gürrüň edilip, bu maksadyň esasynda köplenç “Ruhnama” kitaby goýlupdy. Şol döwürde esasy gollanma bolan “Ruhnama” indi täze nesli ýetişdirmekde esasy daýanç bolmagyny ýitirene çalym edýär.

Sebäbi bu maslahatda ol kitap agzalman, oňa derek prezident Berdimuhamedowyň tagallasy bilen çap edilendigi aýdylýan “Nowruznama” kitaby taryp edilýär.

Nowruz baýramçylygynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen maslahatda çykyş edenleriň ýene biri bolsa, telereportažda munuň hem ady aýdylmaýar, öňki aýdylan pikirleri goldap, prezidente alkyş okamak, saglyk dilemek bilen sözüni jemläpdir.

Türkmenistanyň at gazanan artisti Sabyr Sabyrow hem maslahatda prezidentiň tagallasy bilen halkara derejesinde bellenip geçilen Nowruz baýramçylygyna gaty begenendigini aýdyp, ýurt baştutanyna saglyk diläpdir.

Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň artisti Orazjemal Hojiýewa Türkmenistanda bellenen Nowruz baýramçylygynyň “diňe toý toýlamak bolmandygyny, eýsem bu ýerde hormatly prezidentiň kalbyndaky ak niýetiň ýüze çykandygyny” nygtap, şeýle toýlaryň ýurduň agzibirliginden, ykdysady ösüşinden nyşandygyny öňe sürüpdir.

Artist Orazjemal Hojiýewa hem öz sözüni prezident Berdimuhamedowa berk jan saglygyny arzuwlamak, onuň halky üçin besleýän ak niýetleriniň hasyl bolmagy üçin diňe rowaçlyk dilemek bilen jemläpdir.
XS
SM
MD
LG