Sepleriň elýeterliligi

Badahşandaky howpsuzlyk aladalary


Owgan howpsuzlyk güýçleri Badahşan welaýatynyň paýtagty Faýzabadda. 24-nji ýanwar, 2012 ý.

Owgan howpsuzlyk güýçleri Badahşan welaýatynyň paýtagty Faýzabadda. 24-nji ýanwar, 2012 ý.

Uruş Owganystanyň beýleki regionlaryny öz girdabyna salanda, Badahşan welaýaty ençeme ýyllap durnuklylyk adasy bolup, asuda ýaşaýşyň hözirini gördi.

Ýöne indi konflikt hemme ýerde köşeşýärkä, Owganystanyň bu demirgazyk-gündogar welaýatynyň gelejegi gümürtik görünýär.

Badahşandaky başagaýlyk

NATO öten ýyl Badahşanda howpsuzlyk boýunça jogapkärçiligi Owganystanyň milli goşunyna we milli polisiýa güýçlerine tabşyrdy. Ýöne bu geçiş welaýatda zorlukly hereketleriň artmagyna we söweşijileriň has işjeňleşmegine uçrady.

Badahşan welaýaty Owganystanyň öz uzakdaky sowa etraplarynyň howpsuzlygyny goramaga ukyplydygyny ýa-da däldigini kesgitlemek üçin amatly bir synag meýdanydyr.

Ol bir daglyk region. Şol bir wagtyň özünde-de üç goňşy ýurt - Hytaý, Täjigistan, Pakistan - bilen serhetdeş. Şeýle hem ol gülläp ösýän tirýek gaçakçylygynyň möhüm tranzit ýoly hasaplanýar.

Ýöne Amerikan howpsuzlyk proýektiniň işgäri Deýwid Ýang koalisiýa we owgan güýçleri öz esasy ünslerini şäherleri howpsuzlandyrmaga gönükdireli bäri howpsuzlyk landşafty üýtgedi diýýär: "NATO güýçleri öz tagallalaryny we serişdelerini gowy netije alyp boljak ýerlere gönükdirýärler. Badahşan bu ýerleriň hataryna girenok.

Gynansak-da, şäherli etraplar diýip klassifisirlenmedik ýerlere az üns berlip, ”Talyban” güýçlerine ýol açylmagy mümkin".

Üstümizdäki aý Owganystanyň howpsuzlyk güýçleri bilen söweşijileriň arasynda agyr çaknyşyklaryň bolandygy habar berildi. Owganystanyň milli goşuny ençeme hepdeläp dürli etraplarda söweşijileriň pozisiýalaryna garşy hüjüm etdi.

Ilat hökümet güýçleri az diýýär

Badahşandaky ýerli ilat welaýatda hökümet güýçleri az diýip zeýrenýärler. Welaýat merkezi Faizabadyň 60 kilometr gündogarynda ýerleşýän Wardujyň ýaşaýjysy Salahuddin hökümet güýçleri bilen söweşijileriň arasynda bolan gazaply çaknyşykda ýerli ilatdan onlarça adamyň ölendigini aýdýar:

"Bu etraba ”Talyban” güýçleri hüjüm etdiler. Wardujyň merkezinde hem-de eteklerinde güýçli söweş turdy. Öýlere minomýot oky degip, alty adam ýaralandy. Hökümet güýçleri bilen söweşijiler çaknyşdylar. Bir tarap raketalardan peýdalandy, beýleki tarap hem minomýotdan. Atylan oklar nyşana degmän, gelip [bigünä] adamlara degdi".

Garm etrabynyň ýaşaýjysy Şerifiň aýtmagyna görä, bu etrapda ähli mekdepler ýapylyp, köp öý weýran bolupdyr. Söweşijileriň özlerini galkan edinip ulanmagyndan gorkan ýerli ilat [öý-öwzarlaryny taşlap] gaçyp gidipdir.

"Hemme ýerde her gün söweş bolýar. Adamlar muny duruzmagyny sorap, hökümete ýüz tutýarlar" diýip, Şerif aýdýar.

General howpsuzlyk berkeýär diýýär

Owganystanyň Goranmak ministrliginiň sözçüsi general Mohammad Zahir Azimi howpsuzlyk ýagdaýy ýaramaz bolsa-da, özüniň Owganystanyň milli armiýasy bilen milli polisiýa güýçleriniň Badahşanda söweşijelerden abanýan howpy yzyna serpikdirjekdiklerine ynanýandygyny aýdýar:

"Söweşijiler howpsuzlyk jogapkärçiliginiň owganlaryň özlerine geçirilen ýerleri nyşana almaga synanyşýarlar. Ýöne, Hudaýa şükür, Badahşanda howpsuzlyk ýagdaýy hemme ýerde gowulandy" .

Üstümizdäki ýyl Owganystanyň armiýasy we polisiýa güýçleri üçin möhüm ýyl. Sebäbi olar ýurduň takmynan 80 prosentinde kontrollygy öz ellerine aldylar.
XS
SM
MD
LG