Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen goşuny: Goranyş taýýarlygy ýeterlikmi?


Türkmen esgerleri.
Türkmen esgerleri.
Türkmenistanyň prezidenti golaýda nobatdaky harby çakylyk baradaky karara gol çekdi.
Bu karar esasynda iki ýyl gulluk eden esgerler aprel-iýun aýlarynda gullukdan boşadylar we olaryň ýerine şol güne çenli 18 ýaşy dolan ýigitler harby gulluga alnar.

Ozalky prezident S.Nyýazowyň ýurdy dolandyran ýyllarynda harby bölümler tasdan hojalyk hasaplaşygy ýagdaýyna salnyp, esgerleriň özleri özlerini eklemegiň aladasyny edip başlamaly bolupdylar.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary bilen söhbetdeş bolýan raýatlar soňky ýyllar Türkmen goşunynda bir topar gowy özgerişligiň bolandygyny aýdýarlar. Ýöne muňa garamazdan, watan goragy babatda entek edilmeli işleriň kändigini aýdýan synçylar hem bar.

Azatlyk Radiosynyň bu temadan guran söhbetdeşligine ýerli synçylar, ozalky esger, hukukçy žurnalist A.Baýryýew, publisist ýazyjy A.Bugaýew, SSSR döwründe Owganystanda gulluk eden öňki ofiser, Türkmenistanyň parlamentinde harby meseleler bilen iş salşan öňki deputut H.Söýünow dagy gatnaşýar.

XS
SM
MD
LG