Sepleriň elýeterliligi

Çelýabinskide türkmen raýaty açlyk yglan etdi


Orsýetiň Çelýabinsk şäheri

Orsýetiň Çelýabinsk şäheri

Orsýetiň Çelýabinsk şäherinde açlyk çekýän 36 ýaşly türkmenistanlynyň administratiw tertipde düzgüni bozanlar üçin ýörite tussaghanada saklanýandygy habar berilýär. Türkmenistanyň raýatynyň öz ýurduna deportasiýa edilmegini talap edýändigi aýdylýar.

Orsýetiň Içeri işler ministrliginiň Çelýabinsk şäheri boýunça uprawleniýesiniň habar serişdeleri bilen gatnaşyklar bölüminiň ýolbaşçysy Anželika Meşerýakowa Azatlyk Radiosyna bu şäheriň administratiw tertipde düzgüni bozanlar üçin ýörite tussaghanasynda saklanýan we açlyk yglan eden 36 ýaşly türkmenistanlynyň lukmanlaryň gözegçiligi astynda saklanýandygyny we onuň saglygynyň kadaly ýagdaýdadygyny aýtdy.

Açlyk çekýän kim?

Polisiýa Türkmenistanyň bu raýatynyň adyny agzamakdan saklandy, onuň Orsýetde näçe wagtlap ýaşandygy we näme bilen meşgullanandygy barada hem habar bermedi.

Resmi maglumata görä, 26-njy martda açlyk yglan eden 36 ýaşly türkmen raýaty Orsýetiň Migrasion gullugynyň ony Türkmenistana ibermek üçin çäre görmeýändiklerine protest bildirýär.

2012-nji ýylyň dekabr aýynda Çelýabinskiniň Kopeýsk şäher sudy türkmen raýatyny onuň administratiw tertipde düzgüni bozandygy sebäpli tussag astyna almak, jerime salmak we ony mejbury ýagdaýda ýurduň daşyna çykarmak barada karar çykarypdyr.

Näme üçin ýurduna iberilmedi?

Çelýabinsk şäheriniň polisiýasy şondan bäri tussaglykda saklanýan türkmen raýatynyň zerur dokumentleriniň ýoklugy sebäpli öz ýurduna deportasiýa edilmändigini aýdýar.

Çelýabinsk şäheriniň Içeri işer bölüminiň metbugat wekili Anželika Meşerýakowanyň sözlerine görä, düzgüne görä, deportasiýa islendik şahsyýetiň raýatlyk pasporty esasynda amala aşyrylýar.

Anželika Meşerýakowanyň sözlerine görä, Orsýetiň Içeri işler ministrliginiň Çelýabinsk şäheri boýunça uprawleniýesi Türkmenistanyň Orsýetdäki ilçihanasyna ýörite arza iberipdir, emma entek oňa resmi jogap almandyr.

Çelýabinsk polisiýasynyň metbugat gullugynyň başlygy Anželika Meşerýakowa Azatlyk Radiosy bilen söhbetde häzirki wagtda Türkmenistanyň raýaty babatynda suduň çykaran kararyny ýerine ýetirmek we ony ýurduna ibermek üçin zerur dokumentleri düzetmek işiniň alnyp barylýandygyny aýtdy.

Meşerýakowanyň sözlerine görä, Orsýetde saklanyp, deportasiýa edilýän daşary ýurlularyň öz ýurduna äkidilmegi orsýet tarapynyň hasabyna amala aşyrylýar.
XS
SM
MD
LG