Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Orsýetde hökümete degişli bolmadyk guramalar derňelýär


Adam hukuklaryny goraýjy "Memorial" guramasynyň jaýynda "Daşary ýurtly agentler" diýlip, näbelli biri tarapyndan edilen ýazgy, Moskwa, 21-nji noýabr, 2012.

Adam hukuklaryny goraýjy "Memorial" guramasynyň jaýynda "Daşary ýurtly agentler" diýlip, näbelli biri tarapyndan edilen ýazgy, Moskwa, 21-nji noýabr, 2012.

Orsýetiň resmileri ýurduň içinde işleýän hökümete degişli bolmadyk guramalary derňemegi dowam etdirýärler.

28-nji martda “Moskwa Helsinki toparynyň” edara jaýyna prokuraturanyň we salgyt polisiýasynyň wekilleri geldiler. Guramanyň başlygy Lýudmila Alekseýewa Ýustisiýa ministrliginiň we prokuraturanyň wekilleriniň guramanyň işgärlerinden dokumentleriň uly bolmadyk sanawyny sorandygyny, emma olaryň maliýe hasabatlary talap etmändiklerini aýtdy.

Munuň öňüsyrasynda, çarşenbe güni, prokuraturanyň we salgyt polisiýasynyň wekilleri “Transparency International” guramasynyň we “Human Rights Watch” guramasynyň edara jaýlaryna hem barypdyrlar.

"Raýat jemgyýetçiligine basyş"

“Human Rights Watch” guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň müdiriniň orunbasary Reýçel Denber guramanyň Moskwadaky edara jaýynda prokuraturanyň we salgyt polisiýasynyň işgärleri tarapyndan öňünden yglan edilmedik barlaglaryň geçirilendigini e-mail arkaly tassyklady.

Reýçel Denber bu barlaglaryň “Orsýetde hökümete degişli bolmadyk guramalaryň öň görlüp-eşidilmedik derejede barlanmagynyň bir bölegidigini, şeýle-de, geçen ýylda repressiw kanunlaryň kabul edilmeginiň yzyzsüre ýurtda raýat jemgyýetçiligine edilýän basyşlaryň güýçlenendigini” aýtdy.

Barlaglara sezewar edilen guramalaryň ýene biri “Orsýetiň Adam hukuklary ugrundaky hereketi” atly guramanyň ýolbaşçysy Lew Ponomarýow Orsýetde hökümete degişli bolmadyk guramalar babatynda kabul edilen kanuny “syýasy agdarylyşyk” diýip atlandyrdy.

Ponomarýow häkimiýetleriň kanuny bahanalap, “hökümete degişli bolmadyk garaşsyz guramalara, esasan hem adam hukuklaryny goraýjy guramalara guramaçylykly basyş” edýändiklerinini belledi. Ponomarýow prokuraturanyň işgärleriniň talap eden dokumentlerini bermekden özüniň boýun gaçyrandygyny habar berdi.

Gazanda ýerleşýän “Agora” atly gurama graždan aktiwistlerine goldaw berýär. Bu guramanyň maglumatyna görä, häkimiýetler ondan zerur dokumentleri ýazmaça görnüşde talap edipdirler.

“Agoranyň” başlygy Pawel Çikow resmi talaby ýerine ýetirmekçi däldigini aýdyp, öz pozisiýasyny guramanyň düzümine girýän jegyýetçilik toparlarynyň hiç birisiniň kanuna ters gelýän hereket etmändigi bilen düşündirdi.

Barlaglaryň täsiri

Geçen hepdede Orsýetiň häkimiýetleri guramalaryň ýüzlerçesinden registrasion we maliýe dokumentlerini topladylar. Häkimiýetler Orsýetiň giňişliginde işleýän hökümete degişli bolmadyk guramalaryň maliýe üpjünçiligi baradaky ýerli kanunlary näderejede ýerine ýetirýändigini barlaýarlar.

Täze kanunlar Orsýetde hereket edýän guramalaryň, eger olar daşary ýurtlardan malieýeleşdirilýän bolsa, “daşary ýurtly agent” diýlip hasaba durmagyny talap edýär.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy Ketrin Aşton penşenbe güni çykyş edip, Orsýetdäki barlaglaryň aladalanma döredýändigini aýdyp, bu çäreleriň ýurtda graždan jemgyýetçiligine zarba urýandygyny belledi.

Fransiýanyň we Germaniýanyň Daşary işler ministrlikleri orsýet tarapyndan düşündiriş sorandyklaryny habar berdiler.
XS
SM
MD
LG