Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bosnýaly serb resmilerine höküm çykaryldy


Çarşenbe güni BMG-niň Hagadaky harby tribunaly ozalky bosnýaly serb resmilerinden ikisini uruş jenaýatçylygynda aýyplap, olaryň her birini 22 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

BMG-niň sudy Miko Stanisiçi we Stoýan Zuplýanini 1992-95-nji ýyllaryň Bosnýa urşunda bosnýaly albanlary we horwatlary gynamak, yzarlamak we öldürmek boýunça alnyp barlan kampaniýalara dahyllylykda günäli tapdy.

Tussaglyga höküm edilenlerden biri, 58 ýaşly Miko Stanisiç şol Bosnýa urşy ýyllarynda Bosnýanyň territoriýasynda wagtlaýynça döredilen Serb respublikasynyň içeri işler ministri hökmünde iş alyp barypdy.

Höküm edilenlerden beýleki biri, 61 ýaşly Stoýan Zuplýanin bolsa bu respublikanyň ýokary derejeli howpsuzlyk ofiseri bolup işläpdi.

Prokuratura işgärleri olaryň ikisine-de ömürlik türme tussaglygynyň berilmegini soradylar. Emma Haga sudy olaryň her birine 22 ýyl tussaglyk bermek barada höküm çykardy.
XS
SM
MD
LG