Sepleriň elýeterliligi

Eýran Bakuwyň aýyplamasyny ret etdi


Penşenbe güni Eýranyň Bakudaky ilçihanasy seperatistik Daglyk-Garabag regionynda etniki talyşlaryň dilinde täze bir radionyň işläp başlamagyna Tähranyň dahylynyň ýokdugyny aýdyp, bu baradaky aýyplamalary ret etdi.

Ermenileriň agdyklyk edýän Daglyk-Garabag regionynda 20-nji martdan başlap “Talyşystanyň sesi” ady bilen radiostansiýa işläp başlady.

Talyş taýpalary aglaba Eýranyň we Azerbaýjanyň territoriýasynda ýaşaýarlar. Şu hepde Azerbaýjanyň käbir resmileri etniki talyşlaryň dilinde Daglyk-Garabagda radiostansiýanyň açylmagynda Eýrana güman bildirýändiklerini mälim etdiler.

Geçen ýyl Azerbaýjanyň hukuk goraýjy organlary Bakuda çap edilýän “Talyş sesi” atly garaşsyz gazetiň redaktory Hilal Mamedowy geroin gaçakçylygynda aýyplap, tussag edipdiler.

Birneme soňra bolsa, oňa dini, etniki we milli duşmançylygy öjükdirmekde aýyplama bildirildi. Ynsan hukuklaryny goraýjy aktiwistler oňa bildirilen bu aýyplamalary syýasy matlaba esaslanýar diýip hasaplaýarlar.
XS
SM
MD
LG