Sepleriň elýeterliligi

Batumide üçtaraplaýyn gepleşik geçýär


Penşenbe güni Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Gürjüstanyň daşary işler ministrleri Gürjüstanyň Batumi şäherinde özara hyzmatdaşlyklar barada gepleşik geçirýärler.

Bu maslahatda Türkiýäniň daşary işler ministri Ahmet Dawutoglu, Gürjüstanyň daşary işler ministri Maýa Panjikidze we Azerbaýjanyň daşary işler ministri Elmar Mamedýarow özara hyzmatdaşlyklar baradaky täze plana gol çekerler diýlip garaşylýar.

Gürjüstanyň Daşary işler ministrligi bu gol çekiljek dokumentiň bu ýurtlaryň ykdysady, energiýa, daşky sredany goramak, medeniýet, bilim we sport pudaklary boýunça hyzmatdaşlyklary öz içine aljakdygyny mälim etdi.

Bu üç ýurduň şuňa meňzeş ilkinji ýokary derejeli özara gepleşikleri geçen ýylyň iýunynda Türkiýede geçirilipdi.
XS
SM
MD
LG