Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berezowskiniň ölümi boýunça resmi derňew başlady


Penşenbe güni Britaniýanyň organlary geçen şenbe güni Londondaky öýünden öli tapylan orsýetli biznesmen Boris Berezowskiniň ölümi boýunça resmi derňewiň ýola goýlandygyny mälim etdiler.

Polisiýa Berezowskiniň ölüminiň sebäbiniň düýpli derňelmegi üçin has köp wagtyň talap edilýändigini we munuň üçin suduň kararynyň zerurdygyny aýdýar.

Deslapky geçirilen derňewler Boris Berezowskiniň bedenininde onuň asylyp öldürilmegine laýyk gelýän alamatlary ýüze çykardy. Ýöne ekspertler onuň ölüminiň sebäbini doly anyklamak boýunça barlaglar üçin ýene birnäçe hepdäniň zerur bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar.

Boris Berezowskiý 2000-nji ýylda özüne garşy bildirilen jenaýat aýyplamalarynyň yzy bilen, Orsýeti terk edip, Britaniýadan syýasy gaçybatalga alypdy.
XS
SM
MD
LG