Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kipriň banklary gaýtadan açyldy


Kipriň banklary maliýe krizisi bilen baglanyşykly iki hepdeläp ýapylanlaryndan soň, şu gün gaýtadan açyldylar.

Kipriň banklary uly möçberde daşaryk pul çykarylmagynyň öňüni almak maksady bilen 16-njy martda bank hasaplarynyň aglabasyny wagtlaýynça doňdurypdy.

Kipriň häkimiýetleriniň bu çäklendirmeleri Kipriň halkara banklaryndan karz almak planlary bilen baglanyşykly girizildi.

Şu hepdäniň duşenbe güni Kipriň häkimiýetleri belli bir şertler esasynda halkara banklaryndan 10 milliard ýewro karz almak meselesi barada bu banklar bilen ylalaşyga geldi.

Bu ylalaşyga laýyklykda, Kipriň belli bir banklaryndaky hasaplarda saklanýan 100 müň ýewrodan ýokary pul goýumlaryna uly derejede salgytlar salnar.
XS
SM
MD
LG