Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Atambaýew suduň işine goşulmajagyny aýdýar


Penşenbe güni Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew oppozisiýanyň üç sany deputatynyň işi boýunça sud prosesine özüniň täsir edip bilmejekdigini aýtdy.

Jalalabad şäherinde, oppozision “Ata-Žurt” partiýasynyň tarapdarlarynyň öňünde eden bu baradaky çykyşynda prezident Atambaýew bu partiýanyň liderleri Kamçybek Taşiýewe, Sadyr Japarowa we Talant Mamytowa bildirilýän aýyplamalar boýunça diňe suduň karar çykarmalydygyny nygtady.

Gyrgyzystanyň oppozision “Ata-Žurt” partiýasynyň bu üç lideri geçen ýylyň oktýabrynda köpçülikleýin bulagaýçylyk döretmek we häkimiýeti güýç bilen basyp almak synanyşyklarynda aýyplanyp tussag edildiler. Olaryň işi boýunça suduň hökümine şu hepdäniň anna güni garaşylýar.
XS
SM
MD
LG