Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: Söweşijiler öňe hereket edýär


Anna güni siriýaly oppozision söweşijiler Siriýanyň Iordan bilen serhet ýakasyndaky strategik taýdan möhüm Dael ilatly punktyny öz kontrollyklaryna geçirendiklerini mälim etdiler.

Düýbi Londonda ýerleşýän we Siriýadaky ynsan hukuklary boýunça iş alyp barýan gurama bu ilatly punkty ele geçirmek üçin alnyp barlan söweşlerde azyndan 38 adamyň ölendigini aýdýar.

Guramanyň aýtmagyna görä, oppozision söweşijiler bu ilatly punktyň etegindäki üç sany harby-gözegçilik postuny weýran edipdirler. Ýöne bu wakada hökümet güýçlerinden näçe adamyň ölendigi barada anyk maglumat berilmeýär.

Söwşijileriň ele geçiren bu ilatly punkty günortadaky Daraa prowinsiýasy bilen paýtagt Damasky birikdirýän esasy transport ýolunyň ugrunda ýerleşýär.
XS
SM
MD
LG